18-nji fewralda geçirlen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi tamamlandan soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy.
Sylaglamak dabarasynda Döwlet Baştutanymyz ýene-de bir kitabyny tamamlandygyny hem habar berdi. “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly bu kitap hormatly Prezidentimiziň halk köpçüliginiň öňünde eden çykyşlarynyň ýygyndysydyr. Kitapda ýurdumyzy ösdürmegiň dürli meseleleri, daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar boýunça milli Liderimiziň pikirleri jemlenendir. Aýratyn-da, döwletimizi geljekde ösdürmek boýunça köp teklipler bar.
Milli Liderimiz bu kitabyň mejlise gatnaşyjylaryň her birine gyzykly we peýdaly gollanma boljakdygyna ynam bildirip, onuň halkymyza özüniň sowgadydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz kitabyň birini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa gowşuryp, galanlaryň bolsa ony şu günki çäreden soň alyp biljekdigini belledi hem-de bu ýere ýygnananlary we ähli watandaşlarymyzy Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek gutlady.
Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sahypalarynda Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna çuňňur akyl ýetirilmegi, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary beýanyny tapan “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly täze kitaby üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.