12-nji martda boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde 18-nji fewralda Balkan we Lebap welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgärler hödürlenildi.
14-nji fewraldan başlap ýaýbaňlandyrylan saýlaw möwsüminiň çäklerinde Balkan welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Awaza» şypahanasynyň baş lukmany, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty Berdimämmet Gurbanowy hödürlemek teklibine garadylar.
B.Gurbanow 2004-nji ýylda M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, Balkan welaýatynyň köpugurly hassahanasynda internatura geçdi. 2005 — 2008-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň Bugdaýly obasynyň saglyk öýünde ilki maşgala lukmany, soňra baş lukman, soňky ýyllarda bolsa Balkan welaýatynyň beýleki saglygy goraýyş edaralarynda — Garabogaz şäheriniň we Esenguly etrabynyň hassahanalarynda baş lukman bolup işledi. 2012 — 2019-njy ýyllar aralygynda Balkan welaýatynyň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň birinji orunbasary wezipesinde işledi.
Şu ýylyň çuňňur mana eýe bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna eýerip, ýygnaga gatnaşyjylar milli Liderimiziň Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläkki ykbaly üçin jogapkärçiligi üstüne alyp biljek ýaş, maksada okgunly ýolbaşçylary hödürlemek baradaky teklibiniň wajypdygyny ýene-de bir gezek nygtadylar.
Ýygnananlar B.Gurbanowyň iş dolandyryş hem-de guramaçylyk ukybyny, ýokary hünär we şahsy häsiýetlerini, ýolbaşçy wezipedäki tejribesini belläp, ony döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.
Berdimämmet Gurbanow bildirilen ýokary ynam üçin hoşallygyny beýan edip, halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin güýjüni, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Lebap welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda welaýatyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Perhat Begenjow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenildi.
Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, milli Liderimiziň syýasaty netijesinde zehinli ýaşlaryň nesli kemala geldi. Munuň özi Garaşsyz Türkmenistanyň saýlap alan özgertmeler ýoly bilen üstünlikli öňe gitjekdigine berk ynam döredýär.
Welaýatyň ýaşaýjylary hem-de teklipçiler toparynyň agzalary P.Begenjowyň terjimehaly bilen içgin tanyşdylar. Ol 2000-nji ýylda ykdysatçy hünäri boýunça Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyny tamamlap, bu ýokary okuw mekdebinde mugallym bolup işledi. 2014-nji ýylyň mart aýyndan şu güne çenli Lebap welaýatynyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory wezipesinde işleýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy.
Ýygnananlar P.Begenjowy giň gözýetimli, iş başarjaň, ýaş ýolbaşçy hökmünde häsiýetlendirýän çykyşlary diňläp, ony iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri raýatlar topary tarapyndan hödürlemegiň Tertibini kesgitleýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 46-njy maddasyna laýyklykda, dalaşgär saýlawçylaryň on müňden az bolmadyk goly bilen goldanylmalydyr.
Ýurdumyzda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär. Ýakyn wagtda döwlet Baştutany wezipesine hödürlenilýän beýleki dalaşgärleriň hem ady mälim bolar. Munuň özi Prezident saýlawlarynyň aýdyňlyk we açyklyk şertlerinde geçýändiginiň subutnamasydyr.