Geçen asyryň ortalarynda Nýu-Ýorkda fransuz ýazyjy Antuan de Sent-Ekzýuperiniň ýazan kitabynyň hakyky golýazmasynyň 30 sahypasy Parižde sergä çykaryldy. Bütin dünýäde millionlarça okyjyny özüne çeken “Kiçijik şazada” atly bu eser ýazyjynyň durmuşyna degişli beýleki eksponatlar bilen bilelikde görkezilýär. Kolleksiýada eskizler, çyzgylar, fotosuratlar, goşgular, gazetden bölekler we hatlar bar. Sent-Ekzýuperiniň agtygynyň ýegeni Tomas Riwýera CNN teleýaýlymyna beren beýanatynda serginiň adynyň “Kiçijik şazada bilen duşuşykdygyny” aýtdy. 17-nji fewralda açylan sergi 26-njy iýuna çenli açyk durar.

1900-nji ýylda Fransiýanyň Lýon şäherinde dünýä inen Sent-Ekzýuperi diňe ýazyjy däl, eýsem žurnalist we uçarman bolmagy bilen hem bellidir. Ol 1943-nji ýylda “Le Petit Prince” eserini iňlis we fransuz dillerinde ýazdy. Bu eser bütin dünýäde 200 milliondan gowrak nusgada satyldy. Fransiýanyň dekoratiw-amaly sungatlar muzeýiniň (Musée des Arts Décoratifs) bilermenleri bu eseriň dünýäniň 500 diline terjime edilendigini belleýärler. Bu bolsa onuň iň köp dile terjime edilen kitaplarynyň biridigini aňladýar.