Germaniýanyň ýokary okuw mekdepleri indi welosiped sürýänleriň meseleleri bilen meşgullanar. Ilkinji gezek degişli hünärmenleri taýýarlamak üçin Germaniýanyň ýedi uniwersitetinde welosiped bölümleri döredildi.
Germaniýanyň Ulag ministrliginiň teklibi bilen Wuppertal we Kassel uniwersitetleri, Karlsruedäki ýokary tehnologiýa we ykdysadyýet mekdebi, Wildau tehniki mekdebi, şeýle hem Frankfurt, Wolfenbüttel we Wisbaden ýaly amaly ylymlar ýokary okuw mekdepleri indi welosiped ulagyny ösdürmegiň meseleleri bilen meşgullanar. Bu ýokary okuw mekdepleri infrastrukturany meýilleşdirmekden başlap, welosiped sürmek üçin amatly kanunlary ösdürmäge çenli ähli ýagdaýlar bilen iş salyşarlar. «Deutsche Welle»-niň maglumatlaryna görä, bu uniwersitetlerde iki tigirli mowzuklar boýunça aýratyn magistr maksatnamalary hem işlenip düzülýär.
Bularyň hemmesi Germaniýanyň 2030-njy ýyla çenli welosiped meýilnamasynyň bir bölegi bolup, ýakyn ýyllarda ýurduň ilatynyň iki tigirli ulaga geçjekdiginden habar berýär. Maksat ýurduň ilatynyň azyndan 60 göteriminiň has köp welosiped sürmek islemegidir. Bu ugurda «özüne çekiji infrastruktura, amatly jemgyýetçilik giňişligi, hereket üçin innowasiýa hyzmatlary, ähli ýol hereketine gatnaşyjylar üçin oňaýly sosial gurşaw we welosiped sürmek üçin syýasatyň açyklygy» ýaly şertler sanalyp geçilýär.
– Munuň üçin ilki bilen hünärmenler zerur, şonuň üçin bölümleri döretmek we welosiped ulagy babatda talyplaryň hünär taýýarlygy bilen meşgullanmak gaty möhümdir – diýip, Wisbadendäki täze açylan «welosiped» bölüminiň müdiri, professor Martin Lomaýer belleýär.