Irlandiýaly, kanadaly we hytaýly geofizikler suwuň Ýeriň jümmü şindäki himiki reaksiýalaryň netijesinde ýüze çykandygyny, ony asman jisimleriniň ýa-da meteoritleriň getirmändigini mälim etdiler. Alymlar Ýeriň jümmüşine mahsus bolan şertleri, hususan hem, Selsiýa boýunça 1,4 müň gyzgynlyk derejesiniň hem-de Ýer togalagynyň üstki gatlagyna garanyňda, 20 müň esse köp bolan basyşynyň nusgasyny ýasadylar. Olar öz barlaglarynda Ýeriň özenindäki dioksid kremnisi wodorod bilen himiki reaksiýa geçip, suwuň we kremniniň gidridiniň emele gelmegine sebäp bolýandygyny anykladylar.
Geofizikler reaksiýanyň şeýle görnüşiniň Ýeriň üstki gatlagynyň 40 kilometrinden 400 kilometrine çenli aralykdaky çuňlugynda bolup biljekdigini ýüze çykardylar. Gö rüp otursalar, şunuň ýaly özara täsir Ýeriň jümmüşindäki mineral jynslaryň çäklerinde suwuň toplanmagyny tizleşdirip bilýän eken. Esasan hem, ýerasty jynslardan suwuklygyň uly toplumy bölünip çykanda, ýerasty sarsgynlara alyp barýan eken. Alymlar özleriniň teswirleýän hadysasynyň planetanyň üstki gatlagynyň ähli ýerleri üçin mahsuslygy ýa-da belli bir ýere degişlidigi baradaky pikirlerini aýdyňlaşdyrmagy niýet edýärler.