Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan milli Liderimiz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara nusgalyk görelde görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda sportuň ähli görnüşleriniň, şol sanda awtomobil sportunyň ösdürilmegine, onuň bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Hä­zir ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da stra­te­gik hä­si­ýet­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ugur­la­ry öz içi­ne al­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, onuň baş mak­sa­dy adam ba­ra­da­ky ala­da­da jem­le­nen­dir. Soň­ky ýyl­lar­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gi, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi Di­ýa­ry­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş öz­gert­me­le­ri­niň ile­ri tu­tul­ýan ug­ru­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2018-nji ýyl­da hormatly Prezidentimiziň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýur­du­myz­da uly äh­mi­ýet­li wa­ka – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän­di­gi­ni dün­ýä äş­gär eden hal­ka­ra aw­tou­lag ýa­ry­şy ge­çi­ril­di. Şon­da hal­ka­ra aw­to­ral­li­ni ge­çir­mek üçin Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň saý­la­nyp alyn­ma­gy, bu kün­je­giň ýo­ka­ry eko­lo­gi­ýa de­re­je­si­ne la­ýyk gel­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky be­ýa­ny­na öw­rül­di.
Ýur­du­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet ber­ýän Gahryman Arkadagymyz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň gi­ňiş­lik­le­rin­de sport ula­gyn­da men­zil aş­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, sport ula­gy­ny us­sat­lyk bi­len do­lan­dyr­ýan we çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­da aw­toulag sür­me­giň öz­bo­luş­ly til­sim­le­ri­ni ýo­ka­ry de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän milli Liderimiziň şah­sy gö­rel­de­si aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­la­nyp, us­sat­lyk de­re­je­si­ne ýet­ýän tür­gen­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Di­ýa­ry­myz­da aw­to­mo­bil spor­tu­nyň meş­hur­ly­gy, onuň muş­dak­la­ry­nyň sa­ny bar­ha art­ýar. Ýur­du­myz­da sport we be­den­ter­bi­ýe bi­len ila­tyň köp san­ly­sy­nyň, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň meş­gul­lan­ma­gy üçin şert­le­ri dö­ret­mek spor­ty ös­dür­mek sy­ýa­sa­ty­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­gyň hem-de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ka­rar edil­me­gi­niň esa­sy mak­sa­dy­na öw­rül­di.
Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­ýän mer­ke­zi­ne öw­rül­di. Me­de­ni-ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ra baý bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň mö­hüm çat­ry­gyn­da ýer­leş­mek bi­len, aw­to­mo­bil spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi üçin äh­li ze­rur şert­le­re we müm­kin­çi­lik­le­re eýe­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy esa­syn­da Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň döw­re­bap de­re­je­de di­kel­dil­me­gi ug­run­da ýur­du­myz­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­ýän sport ýa­ryş­la­ry Türk­me­nis­tan bi­len dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti­ni üp­jün ed­ýär.
Döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän yzy­gi­der­li gol­daw­la­ryň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, aw­to­mo­bil spor­ty hem ösü­şiň tä­ze bas­gan­ça­gy­na çyk­dy. Sport aw­tou­lag­la­ry­nyň ha­ta­ry tä­ze ky­sym­ly ulag­lar bi­len yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ýar, olar öň­de­ba­ry­jy ön­dü­ri­ji­ler­den sa­tyn alyn­ýar. Mu­nuň özi aw­to­mo­bil spor­ty bi­len meş­gul­lan­mak hem-de aw­tos­por­tuň us­sat­la­ry­nyň tä­ze nes­li­ni taý­ýar­la­mak üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da Di­ýa­ry­my­zyň aw­to­mo­bil spor­tu­nyň öňün­de uly müm­kin­çi­lik­ler bar. Bu ugur­da mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dyň yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hem-de spor­tuň bu gör­nü­şi­niň giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne, oňa ýaş­la­ryň çe­kil­me­gi­ne we türk­men tür­gen­le­ri­niň us­sat­lyk de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Mu­nuň üçin yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge, dür­li de­re­je­dä­ki ýa­ryş­la­ry gu­ra­ma­ga şert­ler dö­re­dil­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, aw­to­mo­bil we we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem uly gol­daw ber­ýär. Milli Liderimiziň bel­leý­şi ýa­ly, aw­to­mo­bil spor­ty adam­da ru­hu­be­lent­li­gi, çak­gan­ly­gy, çyl­şy­rym­ly ýag­daý­dan us­sat­lyk bi­len baş alyp çyk­mak uky­by­nyň ös­dü­ril­me­gi­ni ter­bi­ýe­le­ýär. Bu bol­sa luk­man­çy­lyk yl­my­nyň tas­syk­laý­şy ýa­ly, yn­san sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li­dir.

Aý­gül BER­DI­LI­ÝE­WA,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.