Ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da «Facebook» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ady «Me­ta» diý­lip üýt­ge­di­lip­di. Bu at kom­pa­ni­ýa­nyň gel­jek 10 ýy­lyň do­wa­myn­da iş­läp taý­ýar­lajak «hy­ýa­ly äle­mi», ýag­ny «me­ta­wer­si» ma­ha­bat­lan­dyr­ma­ga ýar­dam eder. «Ho­ri­zon» at­ly bu ul­gam en­tek ula­ny­jy­la­ra do­ly el­ýe­ter­li bol­ma­sa-da, köp wagt­dan bä­ri kä­mil­leş­di­ril­ýär. Hy­ýa­ly äle­mi dö­ret­mek üçin kom­pa­ni­ýa Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 10 müň in­že­ne­ri işe al­mak­çy­dy­gy­ny mä­lim edip­di. Bu tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin 10 mil­liard dol­lar ma­ýa go­ýum öz­leş­di­ri­ler.
Iň­lis di­lin­de «me­ta» hem-de «univer­se» (älem) söz­le­rin­den eme­le ge­len «me­taver­se» adal­ga­sy­ny 1992-nji ýyl­da Nil Sti­wen­son or­ta at­ýar. Şol ýyl ame­ri­kan yl­my-po­pul­ýar eser­le­riň aw­to­ry Sti­wen­so­nyň «Har­saň» («Snow Crash») at­ly ro­ma­nyn­da hy­ýa­ly älem su­rat­lan­dy­ryl­ýar. Eser­de adam­lar awa­tar­lar hök­mün­de bi­ri-bi­ri we prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi we­kil­le­ri bi­len ha­ky­ky dün­ýä­niň me­ta­fo­ra­sy­ny ulan­ýan üç öl­çeg­li wir­tu­al gi­ňiş­lik­de öza­ra tä­sir­leş­ýär­ler. Sti­wen­son bu adal­ga­ny in­ter­ne­tiň ha­ky­ka­ta esas­lan­ýan «mi­ras­dü­şe­ri­ni» su­rat­lan­dyr­mak üçin ulan­ýar.
«Facebook»-yň dö­red­ýän «Ho­ri­zon» at­ly hy­ýa­ly äle­min­de adam­lar hy­ýa­ly dün­ýä­de du­şu­şar­lar. Bu plat­for­ma iş hem-de güý­men­je mak­sa­dy bi­len ula­ny­lar. Gün­de­lik dur­muş­da edip bol­ýan köp zat hy­ýa­ly dün­ýä­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ler. Köp adam öz işi­ni hy­ýa­ly äle­me «gö­çü­rer».
«Facebook»-dan soň­ra beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar hem «me­ta­wers» dün­ýä­si­ne ma­ýa go­ýup baş­la­dy. Eý­sem, hy­ýa­ly dün­ýä nä­hi­li iş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­re­der­kä?
Hy­ýa­ly dün­ýä­de wi­deo­jaň­la­ry et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän «Gat­her­town» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Sat­ýa Pe­ri ýa­kyn gel­jek­de iş sö­zü­niň ma­ny­sy­nyň üýt­ge­jek­di­gi­ni bel­le­ýär. Onuň pi­ki­ri­ne gö­rä, bir ada­myň nä­hi­li iş tap­ýan­dy­gy­, ni­re­de ýa­şa­ýan­dy­gy­, nä­me iş ed­ýän­di­gi­, bir tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin nä­çe­räk zäh­met çe­ken­di­gi­, iş­deş­le­ri bi­len nä­hi­li wagt ge­çir­ýän­di­gi­, ýag­ny iş bi­len bag­ly äh­li za­t düý­bün­den baş­ga­ça bo­lar. Hä­zir­ki wagt­da tä­ze gu­rul­ýan hem bol­sa, bu hy­ýa­ly dün­ýä­dä­ki «goz­gal­ma­ýan em­läk­ler» gym­mat ba­ha­dan sa­ty­lyp baş­lan­dy. Bu hy­ýa­ly dün­ýä­de dür­li bi­na­la­ry we des­ga­la­ry gur­mak, sport du­şu­şyk­la­ry­ny, kon­sert­le­ri, toý da­ba­ra­la­ry­ny ge­çir­mek üçin iş­gär­le­re ze­rur­lyk duý­lar. Üç öl­çeg­li bo­lan bu älem gra­fik di­zaý­ner­le­ri, iç­ki bi­na­gär­ler üçin tä­ze iş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni hö­dür­lär. Bi­na­gär­ler we di­zaý­ner­ler bol­maz­dan şeý­le dün­ýä­ni eme­le ge­tir­mek müm­kin däl. As­lyn­da 3D gör­nüş­li prog­ram­ma­lar hä­zir­ki wagt­da hem bar. «The Sand­box»-yň «Vixedit», «Decent­ra­land»-yň «Bu­il­der», «Up­lift­World»-iň «Mi­necraft» at­ly oýun­la­ryn­da­ky «wa­ka­lar» hy­ýa­ly dün­ýä­de bo­lup geç­ýär. Bu­la­ryň äh­li­si tä­ze zat­la­ry dö­re­dip bil­me­gi ta­lap ed­ýär. Üç öl­çeg­li dün­ýä­niň bi­rin­de öw­re­ni­len usu­ly beý­le­ki­sin­de hem ulan­mak kyn däl. Bu bol­sa, hä­zir­ki wagt­da üç öl­çeg­li prog­ram­ma­lar­da tej­ri­be­si bo­lan­lar üçin iş pur­sat­la­ry­ny dö­re­der.
Hy­ýa­ly dün­ýä­de bi­na­gär­le­re has köp ze­rur­lyk duý­lar. Bu tä­ze dün­ýä­de şä­her­ler­de, boş ýer bö­lek­le­rin­de gu­rul­jak müň­ler­çe tä­sin bi­na­dyr des­ga­la­ryň, fer­ma­la­ryň we sport meý­dan­ça­la­ryň nä­hi­li bol­ma­ly­dy­gy­ny hy­ýa­lyn­da jan­lan­dy­ryp bil­ýän dö­re­di­ji­lik uky­by bo­lan iş­gär­ler zäh­met çe­ker­ler.
Şeý­le hem bi­ler­men­ler ma­te­ma­tik­le­re hem ze­rur­lyk bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

Oý­na­mak ar­ka­ly pul ga­zan­mak

Bi­ler­men­ler ýa­kyn gel­jek­de oýun oý­na­ýan hü­när­men­le­re hem ze­rur­lyk du­ýul­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Eý­ýäm oýun oý­na­mak bi­len meş­gul­lan­ýan adam­la­ryň sa­ny hem az däl. «Decent­ral Ga­mes» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Maýls En­to­ni «ga­zan­mak üçin oý­na» (play-to-earn) usu­ly­nyň uly müm­kin­çi­lik­ler hö­dür­le­ýän­di­gi­ni, gel­jek­de onuň has-da art­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär. «Ga­me of Throws» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Aý­ham Şoaýb «me­ta­wer­siň» «ga­zan­mak üçin oý­na» usu­ly­nyň ýaý­baň­lan­jak­dy­gy­ny we uly yk­dy­sa­dy­ýe­ti eme­le ge­tir­jek­di­gi­ni aýd­ýar. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, bu bir­nä­çe pu­da­ga öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rer.
Şeý­le hem bu hy­ýa­ly dün­ýä­de ýa­zy­jy­lar üçin hem iş müm­kin­çi­lik­le­ri peý­da bo­lar. Ede­bi we fi­lo­so­fik bi­li­mi bo­lan ýa­zy­jy­lar tä­ze he­ka­ýat­la­ryň dö­re­dil­me­gi­ne go­şant go­şar­lar.
Tä­ze dün­ýä­de «jem­gy­ýet me­ne­je­ri» (com­mu­ni­ty ma­na­ger) at­ly tä­ze kär peý­da bo­lar. Bu kär brend­le­riň yzar­laý­jy­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam eder.
Pan­de­mi­ýa­nyň baş­la­ma­gy bi­len baş­ga ýurt­la­ra sy­ýa­hat ed­ýän­le­riň sa­ny hem azal­dy. Em­ma ýa­kyn gel­jek­de hy­ýa­ly äle­me ga­ýy­ba­na sy­ýa­hat­lar ýo­la goý­lar. Bu bol­sa, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gyn­da tej­ri­be­si bo­lan adam­la­ra iş müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­re­der. Edil ha­ky­ky dur­muş­da­ky ýa­ly hy­ýa­ly dün­ýä­de adam­lar baş­ga şä­her­le­re sy­ýa­hat eder­ler.
Hy­ýa­ly dün­ýä­dä­ki awa­tar­lar üçin mo­da hü­när­men­le­ri­ne hem ze­rur­lyk duý­lar. Bu kär­de iş­le­jek­ler awa­tar­la­ryň egin-eşik­le­ri­niň nä­hi­li bol­jak­dy­gy­ny kes­git­lär­ler. «Me­ta­wers» dün­ýä­sin­de tä­ze şä­her­le­riň dö­re­dil­me­gi bi­len iş müm­kin­çi­lik­le­ri hem kö­pe­ler.