ABŞ-nyň aerokosmos edarasy (NASA) astronawtlar üçin krem öndürmegi maksat edinýär. Kosmos bekedinde iş alyp barýanlara niýetlenen kremiň öndürilmegi üçin “Colgate-Palmolive” kompaniýasy bilen ylalaşyk gazanyldy. NASA Halkara kosmos stansiýasynda agyz we deri saglygy boýunça gözleg geçirer. Öndüriljek krem ýygyrtlaryň öňüni almaga niýetlener. Kosmos stansiýasynda Ýeriň dartyş güýjüniň ýoklugy, döredilen emeli şertleriň tebigy şertlerden tapawutly bolmagy adam derisi gurak bolup bilýär. Şol sebäpden NASA şeýle ýagdaýda deride ýüze çykýan ýygyrtlaryň öňüni almagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem NASA bu kompaniýa bilen diş pastasyny öndürmek üçin hem hyzmatdaşlyk eder. “Colgate” Halkara kosmos stansiýasynda iş alyp barýan hünärmenler üçin ýörite pastalary öndürer.

Ýeri gelende bellesek, Halkara kosmos bekedinde Ýeriň dartyş güýjüniň ýokdugy sebäpli haýsydyr bir gapdaky suwy agzy açyk wagty onuň içinde saklap bolmaýar. Gabyň agzyny açyň aşaklygyna düňdersen, suw dökülmeýär, howada pytrap gidýär. Hatda gözüňdäki ýaş hem aşaklygyna akmaýar.

Kakabaý Kakabaýew,

S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby