Dün­ýä­niň mo­bil en­jam­la­ra ba­gyş­la­nan iri çä­re­si ge­çi­ril­di. Is­pa­ni­ýa­nyň Bar­se­lo­na şä­he­rin­dä­ki «Fi­ra Gran Via» ser­gi mer­ke­zin­de ge­çi­ril­ýän Bü­tin­dün­ýä Mo­bil Kong­re­si­ne (MWC 2022) 155 ýurt­dan 1 müň 500 kom­pa­ni­ýa gat­naş­ýar. Düýn ta­mam­la­nan ser­gi­de gün­de­lik dur­mu­şy­my­za bir­nä­çe ýyl­dan or­naş­jak teh­no­lo­gi­ýa­lar hem gör­ke­zil­di. Bu ýyl­ky çä­re­de me­ta­wers teh­no­lo­gi­ýa­sy has köp üns çek­di. Ser­gi­de da­ky­nyl­ýan dür­li en­jam­lar, wir­tual ha­ky­kat we me­ta­wers dün­ýä­si­ne de­giş­li beý­le­ki teh­no­lo­gi­ýa­lar gör­ke­zil­di. Kom­pa­ni­ýa­la­ryň iş­läp taý­ýar­lan wir­tu­al ha­ky­kat äý­nek­le­ri we el­lik­le­ri hy­ýa­ly dün­ýä­dä­ki zat­la­ry gö­züň bi­len gö­rüp, eliň bi­len tut­ma­ga, ýag­ny ola­ry duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. My­sal üçin, el­lik geý­len­de hy­ýa­ly dün­ýä­dä­ki pi­şi­gi sy­pa­la­nyň­da ha­ky­ky pi­şi­gi sy­pa­lan ýa­ly duý­gy­ny döredýär.

Se­lim Ga­ra­mäm­me­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.