Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary, talyp gyzlar hem-de zenan işgärler gatnaşdylar.

Bu baýramçylyk dabarasyna institutymyzda myhmançylykda Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarow hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Aýna Seýitkulyýewa dagylar özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş edip, baýramçylyk dabarasyna aýratyn joşgun paýladylar. Dabaranyň dowamynda Halkara zenanlar güni mynasybetli, talyp gelin-gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda zenan mertebesini aýratyn belentde tutýan hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Gunça HAMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.