Şatlyk-şowhuna, bahar güllerine, mähirli arzuwlara beslenen Halkara zenanlar güni güneşli Diýarymyzda milli ýörelgelere laýyklykda uludan bellenilýär. Bahar paslynyň buşlukçysy, gözelligiň we söýginiň baýramy bolan 8-nji mart – Halkara zenanlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde dürlüçe bellenilip geçilýär. Ilkinji gezek 1909-njy ýylyň 28-nji fewralynda Nýu-Ýorkda Zenanlar güni bellenilip geçildi. Birleşen Milletler Guramasynyň karary bilen bu baýramçylyk 1975-nji ýylda “Halkara zenanlar güni” adyna eýe bolýar.
Halkara zenanlar güni Ýewropa ýurtlarynda hem giňden bellenilýär. Şol gün däp bolşy ýaly, erkek adamlar zenanlara sary mimoza gülünden boglan çemeni sowgat berýärler. Şeýle-de zenanlar joralarydyr, uýalary bilen üýşüp özleri üçin aýratyn ýeňillikli bahadan hyzmat edýän garbanyşhanalarda naharlanýarlar hem-de aýdym-saz diňläp şatlanýarlar. Germaniýada bolsa bu baýramçylygy esasan ýaş gelin-gyzlar belleýärler. Olara şol gün ter gül desseleri sowgat berilýär. Fransiýada bu baýram zenanlaryň öz hukuklary üçin göreşiniň nyşany hökmünde kabul edilýär. Şeýle-de bu ýurtda eneler güni has hem meşhurdyr. Polşada 8-nji martda adamlar öz enelerini, söwer ýarlaryny baýramçylyk bilen gutlaýarlar. Bazarlarda şol gün uly isleg bildirilýän ýaz güllerinden dolýar. Polşada zenanlara köplenç çigildem güllerini sowgat gowşurmak däbi hem bar.
Litwalylar üçin 8-nji mart baýramy bahar paslynyň buşlukçysydyr. Olar bu baýramçylygy söýginiň hem-de zenanlaryň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Litwanyň birnäçe şäherinde Halkara zenanlar güni mynasybetli uly festiwallar we şowhunly konsertler geçirilýär. Şol gün hemmeler baýramçylyk ruhy bilen ýaşap, ondan ruhy lezzet alýarlar.
Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby