Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy 1945-nji ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da 193 döw­let bu gu­ra­ma­nyň ag­za­sy­dyr. BMG-niň we­zi­pe­le­ri we iş­le­ri onuň Düz­gün­na­ma­syn­da be­ýan edi­len mak­sat­lar­da we baş­lan­gyç­lar­da bel­le­nen­dir. Bu gu­ra­ma pa­ra­hat­çy­lyk we howp­suz­lyk, ho­wa­nyň öz­ger­me­gi, dur­nuk­ly ösüş, adam hu­kuk­la­ry, adat­dan da­şa­ry ýag­daý­lar­da yn­san­per­wer­lik ýar­dam­la­ry, gen­der deň­li­gi, azyk önüm­çi­li­gi we beý­le­ki ugur­lar ýa­ly XXI asyr­da adam­za­dyň öňün­de du­rýan mö­hüm me­se­le­le­riň çöz­güt ýol­la­ry­ny göz­le­ýär.
BMG-ä ag­za ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­ne Baş As­samb­le­ýa­da, Howp­suz­lyk, Yk­dy­sa­dy we So­si­al ge­ňeş­lik­ler­de we beý­le­ki dü­züm­ler­de, ko­mi­tet­ler­de öz ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan et­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. BMG-ä ag­za döw­let­le­riň ara­syn­da ara­gat­na­şy­gy ýo­la go­ýup, gep­le­şik­le­ri ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. BMG-de dür­li ýurt­lar öza­ra pi­ki­re ge­lip, ýü­ze çy­kýan me­se­le­ler bo­ýun­ça ka­rar ka­bul ed­ýär­ler.
BMG-niň mü­di­ri­ýe­ti­niň esa­sy jo­gap­kär we­zi­pe­li ada­my Baş sek­re­tar­dyr. BMG 2015-nji ýyl­da özü­niň 70 ýyl­ly­gy­ny bel­läp geç­di. Gu­ra­ma­nyň “Bir­le­şen Mil­let­ler” di­ýen ady ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti D. Ruz­welt ta­ra­pyn­dan tek­lip edi­lip, 1942-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan bä­ri ula­nyl­ýar. 1945-nji ýyl­da 50 ýur­duň we­kil­le­ri San-Fran­sis­ko­da hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça BMG-niň Düz­gün­na­ma­sy­ny iş­läp düz­mek üçin mas­la­hat ge­çir­ýär­ler. Bu Düz­gün­na­ma 50 ýur­duň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da 1945-nji ýy­lyň 26-njy iýu­nyn­da gol çe­kil­ýär. BMG 1945-nji ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­dan bä­ri res­mi­leş­di­ri­lip, her ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ry “BMG-niň gü­ni” hök­mün­de bel­le­nip ge­çil­ýär.
Ýa­kyn­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 71-nji mas­la­ha­tyn­da 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni di­ýip, yg­lan et­mek ba­ra­da Re­zol­ýu­si­ýa bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di.
Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­nü­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan 2015-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň 20 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nyp, türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ri­len Hal­ka­ra mas­la­ha­tyn­da öňe sür­lüp­di.