Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Mälim bolşy ýaly, Bitaraplyk biziň döwletimiziň Merkezi Aziýanyň ýurtlary we halklary bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmaga, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýlan netijeli, özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge oňyn goşant goşdy. Mundan başga-da, türkmen Bitaraplygynyň sebitiň hem-de dünýäniň durnukly ösüşine saldamly goşandy uludyr. Munuň şeýledigine BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky taryhy Rezolýusiýasy aýdyň şaýatlyk edýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji maslahatynda ýokarda agzalan Rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.
Bitaraplyk güni, hakykatdan hem, esasy milli baýramçylyklaryň hataryna girýär, çünki halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän parahatçylygy söýüjilik, dostluk we ynsanperwer däpleriniň dabaralanýandygyny beýan edýär. Mundan beýläk, 12-nji dekabrda ählihalk baýramymyz bolan Bitaraplyk günümizi tutuş dünýäniň halklary bilen bilelikde gutlarys. Bitaraplyk baýramymyzyň halkara derejesine eýe bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatynyň tutuş dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän “Açyk gapylar” syýasatynyň netijesinde, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylyk söýüji, ähli ýerde parahatçylygyň rowaçlanmagyna goşant goşýan döwlet hökmünde giňden tanalýar. Bitaraplyk güni Garaşsyz döwletimiziň ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şöhrat-mertebesini dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.
Ýurt Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, ählumumy ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çuň many-mazmunly halkara başlangyçlary bütin dünýäde giňden goldaw tapýar. Onuň mysalyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýaňy-ýakynda kabul edilen Kararynda görmek bolýar. Şol Kararda käbir döwletler tarapyndan ýöredilýän bitaraplyk syýasatynyň dünýäniň parahatçylygyny hem-de howpsuzlygyny pugtalandyrmaga kömek berjekdigi bellenip geçilýär. Mundan başga-da Bitaraplyk derejesiniň tutuş dünýädäki ýurtlaryň arasyndaky dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orun eýelejekdigi mälim edildi.
BMG-niň Baş Assambleýasy agza ýurtlaryny “bitaraplyk” düşünjesi barada halkara jemgyýetçiligini habardar etmek babatda dürli çäreleri we okuw maslahatlaryny geçirmäge çagyrdy. Şeýle hem Baş Assambleýa BMG-niň Baş Sekretaryny öňüni alyş diplomatiýasynyň ýörelgeleriniň ilerledilmegini göz öňünde tutup, Bitarap döwletler bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna goldaw bermäge çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen ählumumy abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk etmek üçin ýola goýulýan möhüm ähmiýetli işler Bitarap Diýarymyzy Ýer ýüzüne tanadýar. Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli oňyn Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi, howpsuzlygy üpjün etmekde we halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýäniň ähli döwletleri we abraýly halkara guramalary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatyny biragyzdan ykrar edýärler. Özygtyýarly Türkmenistana berlen hemişelik Bitaraplyk derejesi islendik harby we harby-syýasy toparlara hem-de guramalara gatnaşmazlyk ýörelgelerine daýanýar, munuň özi biziň döwletimize işjeň parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barmaga, Merkezi Aziýadaky ýagdaýy diňe bir gönüden-göni kadalaşdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary öňe sürmäge hem-de durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ştab-kwartirasynyň açylmagy Türkmenistanyň belent abraýynyň subutnamasydyr. Bu düzüm häzirki döwürde sebitiň döwletleriniň arasynda işjeň we birek-birege hormat goýmak arkaly amala aşyrylýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine we däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar.
Taryhda ilkinji gezek BMG agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan goldanylan Bitaraplyk derejesi döwletimiziň köpugurly daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat boldy.