8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe, Garaşsyz Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Oguz han” köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara goşuldy. Munuň özi zenanlarymyzyň belent hormata, söýgä mynasypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzda dabarasy uludan tutulyp, giňden bellenýän Halkara zenanlar güni mynasybetli, şu ajaýyp baýram güni ýurdumyzyň ähli zenanlaryny — mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy gutlamaga şertiň dörändigine örän şatdygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetiripdir.
Türkmen zenanlarynyň geçmişde bitiren beýik işleri barada näçe aýtsaňam bärden gaýdýar. Bu işleri entek öwrenmeli, dünýä ýaýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Häzirki döwürde Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, deputatlar hem-de diplomatlar bar. Ýöne şol bir wagtda biz olaryň, ilkinji nobatda, aladaçyl enelerdigini, wepaly ýanýoldaşlardygyny, mähirli uýalar we gyzlardygyny, maşgala ojaklarynyň eýeleridigini, edep-ekramyň, wepalylygyň hem-de gözelligiň nusgasy bolup durýandyklaryny ýatdan çykarmaly däldiris diýip, milli Liderimiz nygtady.
— Abraý-mertebäňiz elmydama belent bolsun! — diýip, döwlet Baştutanymyz arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy ajaýyp bahar baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden gutlaglary üçin hoşallyk bildirildi hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrundaky beýik maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw edildi.
Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň Konstitusiýasy we milli kanunçylygymyzyň degişli namalary, şeýle hem ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän aýal-gyzlaryň bilimi, saglygy, olaryň durmuş-jemgyýetçilik derejesi bilen baglanyşykly maksatnamalar zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.
“Ýadymda” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi şu günki baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Bu eser dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän päk söýgini wasp edýär.
Aýdym owadan owazy, ýüreklere aralaşýan sözleri bilen ähli diňleýjileriň kalbynyň töründen orun alyp, örän täsirli duýgulary galdyrdy, munuň şeýledigine hemmeleriň joşgunly el çarpyşmalary şaýatlyk etdi.
Bahar öwüşginleri siňdirilip, baýramçylyk görnüşinde bezelen zalda emele gelen aýratyn mähirlilik pursatlary meşhur estrada artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň berekedini wasp edýän ajaýyp milli mukamlary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Görnükli medeniýet işgärleri hormatly ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglarynydyr hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.
Watançylyk aýdymlary söýgi mukamlary we gadymy äheňler bilen, halk döredijilik çykyşlary boýunça kompozisiýalar estrada çykyşlary we halk sazlarynyň döwrebap derejede täzeden işlenilen sazlary bilen utgaşdyryldy.
“Enä tagzym — mukaddeslige tagzym” atly aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk maksatnamasynyň bezegi boldy. Oňa Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary, çagalar aýdym-saz toparlary gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar bu çykyşy üns bilen diňlediler. Bu ajaýyp sahna oýnunda gözellik, zenan bagty hem-de wepalylyk, kalby päklik, egsilmez ene söýgüsi hem-de mähribanlyk wasp edildi. Bu duýgular bilen zenanyň keşbi aýrylmaz arabaglanyşyklydyr.
Ajaýyp zenanlarymyza bagyşlanan dabaranyň ahyrynda “Diýarymyň owadan, bagtyýar zenanlary” diýen aýdym ýaňlandy. Onda ýene bir gezek ähli enelerimize, uýalarymyza we gyzlarymyza, zenanlaryň ählisine bagtyýarlyk baradaky mähirli arzuw ýaňlandy.
Konserte gatnaşyjylaryň ählisi bagtyýar ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge we ukyp-başarnygyňy ýüze çykarmaga döredilen hemme şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.