7-nji martda paýtagtymyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, türkmenistanly zenanlaryň 300-e golaýyna «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Bu at enäniň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, zenanlaryň Watanymyzyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň beýik nyşanydyr.
Köp çagaly maşgalalary goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwletimiz aýratyn üns berýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze öýlere eýe boldular hem-de uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň ähli zenanlarynyň adyndan hormatly Prezidentimize ýurdumyzda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuş üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada edilýändigi, jemgyýetimizde belent ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar milli Liderimizi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň gülläp ösmegine, her bir maşgalanyň, her bir adamyň rowaçlygyny maksat edinýän içeri we daşary syýasat bilen baglanyşykly ähli başlangyçlara mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we olaryň düzüm bölümlerinde, edaralarda hem-de guramalarda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, sowgatlar dürli ýaşdaky zenanlara, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy.
Bahar paslynyň başynda mähriban zenanlarymyzyň adyna gutlag sözleri we mähirli arzuwlar aýdylýar, olara bagyşlanyp, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Mähriban enelerimize, uýalarymyza we gyzlarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýelän eneleri sylaglamak, köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem geçirildi.