8-nji martda Söwda-senagat edarasynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara
geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş zenanlary bar. Şeýle hem ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz «Oguz han» köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara goşuldy. Munuň özi zenanlarymyzyň belent hormata, söýgä mynasypdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary mübärekläp, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryny – mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy gutlamaga şertiň dörändigine örän şatdygyny belledi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ata-babalarymyz tarapyndan zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däpler müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, mukaddeslik derejesine ýetirilipdir.
Mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelipdir.
Döwlet Baştutanymyziň nygtaýşy ýaly, eneler ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläpdir. Olar maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durupdyr. Hakykatdan hem, ynsana ýaşaýşy peşgeş beren ene hemişe-de tagzym edilmeli mukaddeslikdir. Ol Watan, ýurt, toprak bilen deň derejede goýulýandyr. «Ene toprak» diýlen düşünje hem ýöne ýerden dörän däldir. Şahyryň dili bilen aýtsak, biz enäni «dünýäniň görki we durky» hasaplaýarys.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, iň bagtly perişdeler Zemine inip, enä öwrülermiş diýen rowaýatyň bardygyny belläp geçdi. Eneleri begendirmek, razy etmek iň uly bagtdyr. Eneleriň ak patasy, alkyşy ýollaryňy açýan gudrat hasap edilýär. Rowaýatlara görä, gadym eýýamlarda Zemini doňaklyk gurşap alanda, dünýäni halas eden ene mähri bolupdyr.
Türkmen milletiniň bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýan taryhynda belli zenan şahsyýetler öçmejek yz galdyrypdyrlar. Ajaýyp heýkeli Nusaýdan tapylan, Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, «Güneşiň gyzy», «Asman şalygynyň gyzy» ýaly dabaraly atlar bilen tarypy ýetirilen zenan serkerde Zarina, watansöýüjiligidir mertligi dilleriň senasyna öwrülen, «Gözellik şasy» Tumar şa, Gündogarda ilkinji ylmy akademiýany esaslandyran halyf Al-Mamunyň käbesi Merjen hatyn, Togrul soltanyň aýaly Altynjan hatyn, Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy Mahmelek hatyn, Soltan Jelaleddin Meňguberdiniň aýaly Melike hatyn, Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym, Seljuk soltany Gylyç Arslanyň gyzlary Melike Seljuk hatyn we Göwher Nesibe hatyn, söz mülküniň melikeleri hasaplanan Mahesti, Menije we Mähri hatyn ýaly meşhur zenanlaryň öz döwründe bitiren beýik işlerine dünýä haýran galýar diýip, milli Liderimiz nygtady.
Ine, şolar ýaly meşhur zenanlaryň tagallasy bilen ençeme müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň maşgala gymmatlyklarynyň mukaddesligi aýawly saklanypdyr. Şol gymmatlyklar bolsa halkymyzda ruhubelentligi hem-de ahlaklylygy, halallygy, sadalygy we zähmetsöýerligi, ynsana sarpa goýmagy terbiýeläp gelipdir.
Çeper elli türkmen zenanlarynyň tagallasy arkaly özüniň nepisligi we gözelligi bilen göreni haýran galdyrýan türkmen halylarydyr ajaýyp keşde-nagyşlary bütin dünýäde ykrar edilen sungat eserleri hökmünde biziň günlerimize ýetirildi. Türkmen zenanlarynyň geçmişde bitiren beýik işleri barada näçe aýtsaňam bärden gaýdýar. Bu işleri entek öwrenmeli, dünýä ýaýmaly diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, biz Garaşsyzlyk döwründe ynsanperwerligi, edep-terbiýäni, belent ahlaklylygy wasp edýän Halkara zenanlar gününi täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, uly dabaralara besleýäris. Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada aýratyn alada edýär. Her ýyl Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy geçirilýär. Köp çagaly maşgalalaryň uly toparyna ýokary amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşurylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurdumyzyň zenanlaryna pul sowgatlaryny gowşurmak indi asylly däbe öwrüldi.
Häzirki döwürde Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistanyň zenanlary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Olaryň arasynda başarjaň ýolbaşçylar, alymlar, mugallymlardyr lukmanlar, telekeçiler, deputatlar hem-de diplomatlar bar. Ýöne şol bir wagtda biz olaryň, ilkinji nobatda, aladaçyl enelerdigini, wepaly ýanýoldaşlardygyny, mähirli uýalar we gyzlardygyny, maşgala ojaklarynyň eýeleridigini, edep-ekramyň, wepalylygyň hem-de gözelligiň nusgasy bolup durýandyklaryny ýatdan çykarmaly däldiris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Zenanlarymyz biziň gazanýan ähli üstünliklerimize, ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Geçirýän işlerimizde, jemgyýetde demokratik kadalary, sagdyn durmuş düzgünlerini ornaşdyrmakda, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de ösdürmekde olaryň aýratyn orny bardyr.
Biz ösüp gelýän nesli terbiýelemäge, jemgyýetiň ruhy esaslaryny pugtalandyrmaga, watançylyk däplerini we umumadamzat gymmatlyklaryny berkarar etmäge, zenanlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň goralmagyna, maşgalany we eneleri goldamaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýarys. Döwletimiz bu meselä geljekde hem aýratyn ähmiýet berer. Türkmenistanyň zenanlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we işlemegi üçin mundan beýläk-de ähli zerur şertler dörediler. Ösüp barýan nesil, jemgyýetde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak barada hemişe alada ediler. Köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldaw-kömek yzygiderli artdyrylar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, geçmişde ähli nusgawy şahyrlarymyzyň zenanlarymyzyň gözelligini, dür dökülýän elleriniň çeperligini, edep-ekramyny, wepalylygyny, işeňňirligini taryp edip, goşgy-gazal ýazyp, eser döredendiklerini, türkmen gelin-gyzlarynyň waspyny belentden ýetirendiklerini nygtady we beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:
Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa –
– diýen sözlerini mysal getirdi.
Bellenilişi ýaly, mährem eneler, zenanlar ömürlerini halk üçin terbiýeli, düşünjeli perzent ýetişdirmegiň aladasyna bagyş edýärler. Olar milletiň bakylygynyň sütünidir. Hut şonuň üçin hem enäni begendirmek, zenany begendirmek dünýäni begendirmekdir. Enäni sylamak özüňi, bütin dowamatyňy sylamakdyr.
Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy ajaýyp bahar baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň ähli zenanlaryna berk jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala ojaklarynyň abadan bolmagyny arzuw etdi.
Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden gutlaglary üçin hoşallyk bildirildi hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegi, mähriban halkymyzyň abadançylygy ugrundaky beýik maksatlara ýetmekde üstünlikler arzuw edildi.
Bu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli arzuwlardyr gutlaglar, nurana, päk duýgular baradaky tüýs ýürekden çykýan sözler, ene mähribanlygy we aladasy, ruhy jomartlyk üçin hoşallyklar beýan edildi.
Dabara gatnaşyjylaryň çykyşlarynda häzirki zaman türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşynda zenanlaryň eýeleýän ornunyň barha artýandygy barada aýdyldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň Konstitusiýasy we milli kanunçylygymyzyň degişli namalary, şeýle hem ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän aýal-gyzlaryň bilimi, saglygy, olaryň durmuş-jemgyýetçilik derejesi bilen baglanyşykly maksatnamalar zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň hem-de goramagyň ygtybarly kepili bolup çykyş edýär.
«Ýadymda» diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi şu günki baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutanymyza degişlidir. Bu eser dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän päk söýgini wasp edýär.
Aýdym owadan owazy, ýüreklere aralaşýan sözleri bilen ähli diňleýjileriň kalbynyň töründen orun alyp, örän täsirli duýgulary galdyrdy, munuň şeýledigine hemmeleriň joşgunly el çarpyşmalary şaýatlyk etdi.
Bahar öwüşginleri siňdirilip, baýramçylyk görnüşinde bezelen zalda emele gelen aýratyn mähirlilik pursatlary meşhur estrada artistleriniň çykyşlary bilen dowam etdi. Olar türkmen gelin-gyzlarynyň gözelligini, söýgini, baky juwanlygy hem-de gadymy türkmen topragynyň berekedini wasp edýän ajaýyp milli mukamlary we aýdymlary ýerine ýetirdiler. Görnükli medeniýet işgärleri hormatly ene-mamalarymyzyň, uýalarymyzyň we gyzlarymyzyň adyna mähirli gutlaglarynydyr hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler.
Şu bahar günlerinde hemme ýerde Diýarymyzyň gelin-gyzlaryna dabaraly we mähirli, resmi we şatlykly gutlaglar ýaňlandy. Olara çeperçilik sergileri, çagalaryň we ýaşlaryň bäsleşikleri, maslahatlardyr durmuş häsiýetli çäreler bagyşlandy. Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çykyşlary paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň esasy sahna meýdançalaryny, konsert zallaryny gurşap aldy.