Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dokma senagaty pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de berkitmek, şeýle hem “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň enjamlary satyn almagy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda çykaran 1969-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda çykaran 1969-njy Kararyna laýyklykda, Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek, düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügi öndürýän önümçilik hem-de Daşoguz pagta egirme fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamşy hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan agaç we bölüji serişdeleriň ýylda 7200 tonnasyny öndürýän önümçilik üçin häzirki zaman enjamlaryny, olary Türkmenistana getirmek, ýerinde gurnamak hem-de sazlamak bilen bagly ähli işleri geçirmek şerti bilen satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Italiýa Respublikasynyň “Cormatex Srl.” kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasyny maliýeleşdirmek üçin Italiýa Respublikasynyň “Intesa Sanpaolo S.p.A.” bankynyň karz serişdeleriniň hasabyna tassyklanan akkreditiwi açmaga hem-de ony resmileşdirmek we dolandyrmak bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.