10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk işlerine we beýleki birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisde döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň demokratik kadalary ösdürmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny nygtady. Milli Liderimiz jemgyýetimiziň hukuk esaslaryny we demokratik başlangyçlary pugtalandyrmaga gönükdirilen çäreleriň giň toplumynyň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurdumyzda raýatlarymyza döwlet gullugynda işlemäge, saýlawlarda ses bermäge, döwlet wezipelerine saýlanmaga, ýurduň we dürli derejelerdäki jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga hukugy üpjün edýän tertibiň ýola goýlandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň, saýlawlary häzirki döwrüň talaplaryna we halkara kadalara laýyklykda geçirmegiň amala aşyrýan özgertmeler syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biridigini aýtdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülýär. Ses bermek üçin döwletimizde we daşary ýurtlarda 2 600-den hem köp saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirdiler. Bu ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlary teleýaýlymlaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen raýatlarymyza ýetirildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Mälim bolşy ýaly, şu günler öz okruglarynda ses bermäge mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin deslapdan ses bermek geçirilýär. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we köp sanly halkara synçylar topary eýýäm ýurdumyzda saýlawlara görülýän taýýarlygy synlamaga girişdiler.
Garaşsyz ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm ähmiýeti bolan Prezident saýlawlary umumy ykrar edilen demokratik kadalar, ata-babalarymyza mahsus milli däp-dessurlarymyz esasynda geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de mejlise gatnaşyjylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, şu ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm wakadygyny nygtady.
Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara bu saýlawy aç-açan, aýdyň, demokratik, bäsdeşlikli, erkin we guramaçylykly ýagdaýda geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen bagly meýilleşdirilen işler bolup biläýjek adatdan daşary ýagdaýlara we hadysalara garşy dessin çäre görmäge mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz biz ähli babatda raýatlaryň howpsuzlygynyň we jemgyýetçilik tertibiniň, ýangyna garşy howpsuzlyk çäreleriniň, arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilmegini we elbetde, erk-islegiň erkin beýan edilmegini üpjün etmäge borçludyrys diýip nygtady hem-de mejlise gatnaşyjylaryň ählisinden öňde duran saýlawlara doly taýýarlykly ýagdaýda jogapkärçilikli garamagy talap etdi.
Milli Liderimiz şu ýylyň 19-njy martynda bolsa “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäräniň geçiriljekdigini habar berdi. Şu çäreden soň, Kabul ediş merkezinde dabaralar dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we hemmelere şu wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlik arzuw etdi.