10-njy martda geçirilen welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Şeýle hem häzirki wagtda welaýatlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan gowaça ekişine başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy, bu möwsümi bellenen möhletlerde geçirmek, tehnikalara hyzmat etmek üçin hemme zerur guramaçylyk çäreleriniň görlendigi habar berildi.
Wise-premýer gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek hem-de ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmek haýyşy bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak we pudagy toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwletimiz tarapyndan daýhanlarymyzyň oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda öndürilýän pagta senagat pudagymyz üçin gymmatly çig mal bolup durýar hem-de bu pudagyň ösmegine uly ýardam edýär.
Milli Liderimiz gowaça ekişi möwsüminiň hem golaýlap gelýändigini, onuň pagtaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedigini belläp, ekişi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda hem edermen pagtaçylarymyzyň ýurdumyzda «ak altynyň» ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirjekdigine hem-de uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna berk ynam bildirdi. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda 30-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi hem-de hormatly ýaşulularymyzdan gowaça ekişine «Bismilla!» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
“Topraga sepen her bir tohumyňyz müň bolsun, merdana pagtaçy daýhanlar!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň edermen pagtaçy daýhanlaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ata-babalarymyzyň bize miras goýan daýhançylyk däplerini dowam etdirip, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.