Awtoulag öndürmek bilen meşgullanýan “Nissan” kompaniýasy 2023-nji ýylda önümçilige goýberiljek “Ariya” atly robotynyň duruzyjy ulgamynyň hilini görkezdi. Restoranlarda müşderilere nahar daşamak üçin niýetlenen “oýunjak maşyn” ýokary tizlikde müşderiniň ýanyna baryp durýar. Täsin “ulag” “e-4ORCE” atly duruzyjy ulgam bilen üpjün edilipdir. Bu ulgam ýokary tizlikde barýan mahaly näçe çalt dursa-da, üstündäki zatlar ýykylmaýar. Şeýlelikde, bu robotlar suwuk naharlary hem gysga wagtda müşderä ýetirip bilerler.

Kompaniýa “e-4ORCE” duruzyjy ulgamyny adaty ulaglarda hem ornaşdyrmagy maksat edinýär. Şeýlelikde, ýokary tizlikde barýan ulag birden durmaly bolanda içindäki ýolagçylar öňe zyňylyp gitmegi aradan aýrylar.

Baýrammyrat Bäşimow,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby