Her ýylyň 14-nji martynda Pi (“π”) sanynyň Halkara güni bellenilýär. Bu günüň taryhy ilkinji gezek 1988-nji ýylda ABŞ-nyň San-Fransisko ştatyndaky ylmy muzeýinden gözbaş alýar. Bu aňlatmanyň şu günde bellenmeginiň özboluşly sebäbi bar, ýagny bu sanyň 3,14 bolmagyndan ugur alnyp, mart aýynyň 14-i (03.14) sene hökmünde kabul edilen. Elbetde biziň her birimiz mekdep döwründen bu san bilen tanyş bolsak gerek. Pi sany tegelegiň diametriniň uzynlygyna bolan gatnaşygy aňladýan matematiki hemişelikdir. San taýdan ol 3,14 bilen başlanyp yzy üznüksiz gutarýar. Hasaplamalarda hem köplenç bu sanyň bahasy 3,14 diýlip kabul edilýär. Pi sanynyň güni meşhur fizik Albert Eýnşteýniň doglan gününe hem gabat gelýär.

Dünýäniň ençeme ýurdunda bu  sene matematikany söýüjiler, fizikler, alymlar tarapyndan bellenilýär. Bu güne bagyşlanyp, dürli çäreler, ýygnaklar, bäsleşikler geçirilýär. Bu bolsa dünýä jemgyýetçiligini bu hemişelik sanyň ylymda näderejede zerur bolan aňlatmadygyna düşünmäge özboluşly çagyryş bolup hyzmat edýär.

Babajan Abdullaýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy