Ýene-de Messisiz we Ronaldosyz çärýek final

102

UEFA Çempionlar Ligasyny bu ýyl hem ýaryşyň iň köp gol geçiren iki futbolçysy, super ýyldyzlar Kristiano Ronaldo bilen Lionel Messi gazanyp bilmezler. Geçen hepdede PSŽ-niň Real Madridden utulmagyndan soň Lionel Messi bu möwsümde-de çärýek finalyň daşynda galypdy. Mançester Ýunaýtediň hem öz meýdançasynda Atletiko Madridden utulmagyndan soň Kristiano Ronaldo hem çärýek finalyň bosagasyndan ädim ädim bilmedi. Şeýlelikde, iki super ýyldyz soňky 2 ýyldan bäri çärýek finala hem çykyp bilenok. Ronaldo bolsa eýýäm 3-nji möwsüminde 1/8 finaldan yzyna gaýdýar.