Synç­gy­la­wuk öý­ke­niň aşa­gyn­da­ky kük­rek myş­sa­la­ry­nyň bir­den gy­syl­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ip, içi­miz­dä­ki ho­wa uly tiz­lik bi­len da­şy­na çyk­ýar we ses per­de­le­ri­niň bir­den ýa­pyl­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Ne­ti­je­de, adam synç­gy­ryp baş­la­ýar. Synç­gy­la­wu­gy aýyr­mak üçin dür­li usul­lar ula­nyl­ýar. Bir zat­dan gork­ma­gyň, suw iç­me­giň, bel­li bir wagt de­mi­ňi sak­la­ma­gyň synç­gy­la­wu­gy aýyr­ýan­dy­gy, bir di­lim li­mo­na şe­ker se­pip iý­me­giň hem peý­da ed­ýän­di­gi bel­le­nil­ýär. Şeý­le-de bol­sa, kä­bir ada­myň synç­gy­la­wu­gy wag­ty bi­len aý­ryl­ma­ýar.
Luk­man­lar synç­gy­la­wuk­dan dyn­mak üçin te­bi­gy ýol­lar­dan peý­da­lan­ma­gy mas­la­hat be­rip, olar ýag­ty­ly­ga se­ret­mek, de­mi­ňi 15 se­kunt sak­la­mak, so­wuk suw iç­mek ýa-da li­mon diş­le­mek ýa­ly usul­lar­dyr. As­lyn­da, bu­la­ryň äh­li­si şol bir ne­ti­jä­ni dö­ret­mek üçin – be­den­dä­ki kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin edil­ýär. Şeý­le edi­len­de dem alyş ýol­la­ry gow­şa­ýar, ne­ti­je­de synç­gy­la­wuk aý­ryl­ýar.
Synç­gy­la­wu­gyň bir­nä­çe se­bä­bi bar. Köp­lenç bu ýag­daý köp na­har iý­mek, gaz­ly suw­la­ry iç­mek, aşa gyz­gyn ýa-da so­wuk na­har iý­mek ýa­ly se­bäp­ler­den dö­re­ýär. Ada­myň ru­hy ýag­da­ýy hem synç­gy­la­wu­ga se­bäp bo­lup bil­ýär.