Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giň gerimli konstitusion-hukuk, durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna täze belentliklere tarap ynamly barýan ata Watanymyzy ösdürmegiň geljekki döwri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip, 2022-nji ýyl bolsa «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyryldy.

Mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly däp­le­ri­ne we ag­zy­bir jem­gy­ýe­ti­mi­ziň de­mok­ra­tik ka­da­la­ry­na eýer­mek bi­len, 2022-nji ýy­lyň 11-nji few­ra­lyn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de Ga­raş­syz, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­zi gel­jek 30 ýyl­da ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­ kes­git­le­nip, «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022-2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy», şeý­le hem ýur­du­my­zy 2022-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň 2022-nji ýyl üçin Ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy ka­bul edil­di.
«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ta­ry­hyn­da ýe­ne-de bir örän mö­hüm se­ne, ýag­ny Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň ka­bul edil­me­gi­niň, şeý­le hem Döw­let baý­da­gy­my­zyň dö­re­dil­me­gi­niň 30 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­ni­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy we Döw­let baý­da­gy mil­li buý­san­jy­myz bo­lup, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za wa­tan­çy­lyk duý­gy­my­zy art­dyr­ýan, dö­re­di­ji­li­ge we zäh­met joş­gu­ny­na hy­juw­lan­dyr­ýan mu­kad­des­lik­ler hök­mün­de aý­ra­tyn hor­mat go­ýul­ýar.
Ýur­du­my­zyň esa­sy Ka­nu­ny er­kin, asu­da, pa­ra­hat we bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň ka­nu­ny ke­pil­len­dir­me­si bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hem-de de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­ziň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy dö­re­dil­di. Ada­myň we ra­ýa­tyň hu­kuk­la­ry­nyň, azat­lyk­la­ry­nyň hem-de borç­la­ry­nyň, hä­ki­mi­ýet we do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň kä­mil ul­ga­my eme­le ge­ti­ril­di. Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň bin­ýat go­ýu­jy ýö­rel­ge­le­ri­dir ka­da­la­ry esa­syn­da ka­nun­la­ryň, ko­deks­le­riň we ka­rar­la­ryň en­çe­me­si ka­bul edil­di. Jem­gy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­me­giň mak­sat­la­ry­, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­ hem-de öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si gol­da­nyp, kons­ti­tu­si­on, dur­muş-yk­dy­sa­dy we jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy. Köp par­ti­ýa­ly saý­law ul­ga­my dö­re­di­lip, iki pa­la­ta­ly par­la­ment ul­ga­my­na ge­çil­di.
Mö­hüm hal­ka­ra me­se­le­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li tek­lip­ler hal­ka­ra gu­ra­ma­lar ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan gol­da­ny­lyp, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len Baş As­samb­le­ýa­nyň «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň or­ny», «Ko­ro­na­wi­rus ke­se­li­niň (COVID-19) pan­de­mi­ýa­sy we on­dan soň­ky dö­wür­de dur­nuk­ly ösüş üçin üz­nük­siz we yg­ty­bar­ly hal­ka­ra ýük da­şa­ma­la­ry üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, ula­gyň äh­li gör­nüş­le­ri­niň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ber­kit­mek», «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk» at­ly Ka­rar­na­ma­la­ry ka­bul edil­di.
Mun­dan baş­ga-da, Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň gen­der deň­li­gi­niň we ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň hem-de müm­kin­çi­lik­le­ri­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça dü­zü­mi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň ag­za­ly­gy­na, şu gu­ra­ma­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň wi­se-baş­lyk­ly­gy­na, ÝU­NES­KO-nyň Hö­kü­me­ta­ra okea­nog­ra­fi­ýa ko­mis­si­ýa­sy­nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ge­ňe­şi­niň, Hal­ka­ra gid­ro­geo­lo­gi­ýa mak­sat­na­ma­sy­nyň Hö­kü­me­ta­ra ge­ňe­şi­niň hem-de en­çe­me beý­le­ki hal­ka­ra dü­züm­le­riň ag­za­ly­gy­na saý­la­nyl­dy.
Ne­ti­je­de, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň, her bir şah­sy­ýe­tiň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da mil­li ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy­nyň he­mi­şe kä­mil­leş­di­ril­me­gi do­wam et­di­ril­ýär. 2020-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­ri­zi­lip, ýur­du­my­zyň iki pa­la­ta­ly par­la­ment ul­ga­my­nyň işi­niň hu­kuk esas­la­ry dö­re­dil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň we Saý­law ko­dek­si­niň tä­ze düz­gün­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry üs­tün­lik­li ge­çi­ril­di. Mu­nuň özi hem ýur­du­my­zyň we­kil­çi­lik­li we ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ösü­şi­niň tä­ze döw­rün­de ta­ry­hy wa­ka bol­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry we Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry ta­ra­pyn­dan de­mok­ra­tik döw­le­ti­mi­ziň, ada­lat­ly ra­ýat jem­gy­ýe­ti­mi­ziň hu­kuk esas­la­ry­ny ber­kit­mek hem-de ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bir­lik­de, ýur­du­myz­da de­mok­ra­ti­ýa­ny ös­dür­mek, döw­le­ti­mi­ziň adam hu­kuk­la­ry ba­bat­da­ky hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­ly mö­hüm iş­le­ri alyp bar­mak­lyk hem do­wam et­di­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­lyk-hu­kuk bin­ýa­dy ba­ra­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Baý­ram Gurt­my­ra­dow,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň Mag­lu­mat, sel­je­riş we hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry bö­lü­mi­niň hu­kuk mas­la­hat­çy­sy.