Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we döredijiligiň batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmekde möhüm ugurdyr.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde senagatlaşdyrylmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, dokma senagaty pudagyna goýulýan maýa goýumlar yzygiderli artdyrylýar. Şonuň hasabyna täze zawod-fabrikler gurlup, ulanmaga berilýär. Dokma önümleriniň hili ýokarlandyrylyp, täze önümler we brendler döredilýär. Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynda dörediljek, düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýylda 130 tonna ýüň ýüplügi öndürýän önümçilik hem-de Daşoguz pagta egirme fabriginde dörediljek nah we ýüň galyndylaryny, gamşy hem-de gowaça çöpüni gaýtadan işläp, mebel önümçiliginde we gurluşykda ulanylýan agaç we bölüji serişdeleriň ýylda 7200 tonnasyny öndürýän önümçilikleriň daşary ýurtly önüm öndürijileriň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy göz öňünde tutuldy.
Ähli welaýatlarda öňden işläp gelýän kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary gurmak, dokma önümlerimiziň halkara hil ölçeglerine we ekologiýa howpsuzlygyna kybap gelmegini gazanmak, görnüşlerini artdyrmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli mahabat-maglumat taýdan üpjünçiligini gowulandyrmak, hyzmatlar we marketing ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de güýçlendirmek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn wezipeler amala aşyrylýar. Bu ugurda gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlyk ýolundaky ynamly gadamlary bolup durýar.
Dokma pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we eksportuny artdyrmak, ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak geljekki işleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda öňden işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemek, ýokary tehnologiýaly täze toplumlary gurmak we goşmaça iş orunlaryny döretmek işleriniň dowam etdirilmegine aýratyn üns berilýär.
Gökdepäniň dokma toplumynyň «Gala» nyşanly, Aşgabat dokma toplumynyň «Goza» nyşanly, Türkmenbaşy jins toplumynyň «Bedew» nyşanly tikin-trikotaž önümleri, Gypjak dokma toplumynyň «Bürgüt» nyşanly sport eşikleri, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň önümleri daşary döwletlerde hem meşhurlyga eýe boldy. Dokma pudagynyň kärhanalarynyň ekologiýa taýdan arassa ýüplükden taýýarlaýan dürli hili önümleri daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän harytlara öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň ýokary hillidigi dünýäde ykrar edildi.
Bu önümler öndürilende daşky gurşawyň howpsuzlygy göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagaty ýerli çig mallara esaslanýar. Golaýda açylyp ulanylmaga berlen Babadaýhan etrabyndaky iri dokma toplumy dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biri bolup, onuň önümleri halkara derejede ykrar edildi. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dokma senagatynyň kuwwaty barha berkäp, milli ykdysadyýetimizdäki orny hem ýokarlanýar. Bularyň ählisi bolsa halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Gyrmyzy BABAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.