1923-nji ýylda Lui De Broýl elektronlaryň tolkun häsiýetli hereket edýändigini subut edýär. Bu açyş, göräýmäge kiçiräk ýaly bolup görünse-de, köp ylmy täzelikleriň açylmagyna sebäp bolýar. Muňa mysal edip, elektron mikroskoplaryny görkezmek bolar. 1931-nji ýylda nemes alymlary Won Borris we Ernst Awgust Ruska şöhle geçiriji elektron mikroskopyny (Transmission electron microscope-TEM) oýlap tapýarlar. Şöhle geçiriji elektron mikroskopy örän ýuka nusganyň içinden elektronlaryň dessesini geçirmek arkaly bu nusganyň aşa ulaldylan şekilini almaga mümkinçilik berýär. Örän ýuka nusganyň galyňlygy 0,1 mkm tertipde bolýar. Nusganyň içinden geçen elektronlaryň dessesi magnit linzalary tarapyndan ulaldylýar we fluoressirleýji ekranda, fotoplýonkada ýa-da zarýad baglanyşygy bolan sensor abzalynda (CCD kamera) şekil alynýar.
Saýgaryjylyk derejesi diýseň ýokary bolan bu enjam ylym ulgamynda, aýratyn hem, biologiýa ylmynda täze açyşlaryň amala aşyrylmagyna getiripdir. 1938-nji ýylda “Siemens” firmasy söwda maksatly ilkinji şöhle geçiriji elektron mikroskopyny (TEM) öndürýär. 1935-nji ýylda Maks Knoll ilkinji gezek skanirleýji elektron mikroskopyny (scanning electron microscope – SEM) işläp taýýarlaýar. Ol mikroskop nusgalara netijeli gözegçilik etmek we element analizini geçirmek üçin ulanylýar.
Şol döwürde Maks Knoll skanirleýji elektron mikroskopy üçin patent almaýar. Sebäbi skanirleýji elektron mikroskopynyň saýgaryjylyk ukyby şöhle geçiriji elektron mikroskopynyň saýgaryjylyk ukybyndan pesräk bolupdyr. Emma häzirki döwürde iki elektron mikroskopy hem diýseň işjeň ulanylýar we bize nanomateriallar barada ägirt uly, ummasyz maglumatlary almaga mümkinçilik berýärler.
1942-nji ýylda ABŞ-nyň RCA (Radio Corporation of America) barlaghanasynyň hünärmeni Wladimir Zworykin gaty jisimleriň üst gatlagyny seljermek üçin ilkinji gezek skanirleýji elektron mikroskopyny (SEM) ulanýar. Şonda skanirleýji elektron mikroskopynyň saýgaryjylyk ukyby 50 nm (nanometr) ölçegine barabar bolupdyr. Häzirki döwürde bu görkeziji 1 nm (nanometr) ölçegine deň. Energiýa filteri (r-filter) nanogurluşlaryň üstüniň morfologiýasyny içgin öwrenmäge mümkinçilik berýär. 1965-nji ýylda skanirleýji elektron mikroskopy (SEM) söwda maksatly öndürilip başlanýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde Ýaponiýanyň “Jeol” kompaniýasynyň şöhle geçiriji elektron mikroskopy (TEM), skanirleýji elektron mikroskopy (SEM) arkaly ylmy barlaglar geçirilýär. Bu enjamlar derman senagatynda, biologiýa ylmynda, alternatiw energiýa çeşmelerini almakda peýdalanyljak Gün panelleriniň işlenip taýýarlanmagynda ulanyljak materiallary ýasamakda ulanylýar. Şeýle hem Tehnologiýalar merkezinde dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli anyklaýjy, analiz ediji enjamlary peýdalanylyp, ylmy gözlegleri amala aşyrmakda, täze önümleri işläp taýýarlamakda ulanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2014-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen Tehnologiýalar merkezi ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň esasyny düzmäge gönükdirilendir. Bu Merkez adam serişdesini we “bilimler ykdysadyýetini” ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam etmek bilen, ylmy çözgütleri, işläp taýýarlamalary bir bitewi ulgama birleşdirýän we olary önümçilige ornaşdyrýan esasy edarasydyr.