Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş çözgütleri tory (SDSN) global derejede geçirilen pikir soraşmanyň netijeleri barada maglumat ýaýratdy. “2022 Dünýäniň iň bagtly ýurtlary” atly maglumatnama her ýyl taýýarlanýar. Sanawyň başynda geçen ýyllardaky bolşy ýaly, Skandinawiýa ýurtlary öňdeligi eýeleýär. Sanawyň ilkinji üçlügini degişlilikde, Finlýandiýa, Daniýa we Islandiýa eýeleýär. Şweýsariýa, Niderlandlar, Lýksemburg, Şwesiýa, Norwegiýa, Ysraýyl we Täze Zelandiýa ilkinji onlugy düzüpdir.