Ýaponiýanyň “Suzuki Motor” kompaniýasynyň awtoulaglary Hindistanda uly islegden peýdalanýar. Şeýle bolansoň, ýapon kompaniýasy bu ýurtdaky maýa goýumlaryny barha artdyrýar. Ýangyjy tygşytly ulanmagy bilen tapawutlanýan ulaglary öndürýän “Suzuki” elektroulag öndürmek üçin Hindistanda 150 milliard ýen maýa goýum özleşdirer. Şeýle hem kompaniýa bu ýurtda awtoulag batareýalarynyň önümçiligini hem amala aşyrar. Maksatnama laýyklykda “Suzuki”-niň bu ýurtdaky zawodlarynyň birinde 2025-nji ýyla çenli elektroulag önümçiligi ýola goýlar. Şol wagta çenli elektroulag batareýalaryny öndürýän zawodyň gurluşygy hem tamamlanar.

Hindistanyň günbataryndaky Gujarat hem-de demirgazygyndaky Harýana sebitlerinde “Suzuki”-niň önümçilik desgalary bar.

Altyn Annadurdyýewa,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.