Alžiriň milli nebit kompaniýasy “Sonatrach” hytaýly hyzmatdaşlary bilen ýurduň gündogaryndaky Tibessa sebitinden fosfat çykarmak üçin ylalaşyk gazanylandygyny mälim etdi. Şertnamanyň bahasynyň 7 milliard dollardygy we çykarylan fosfatyň dökün önümçiliginde peýdalanyljakdygy mälim edildi. Bu taslamanyň gurluşygynda 12 müň adam zähmet çeker. Taslama durmuşa geçirilenden soňra bolsa, 6 müň adamlyk hemişelik iş orny dörediler. Gol çekişlik dabarasynda çykyş eden “Sonatrach”-yň ýolbaşçysy Tewfik Hakkar taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Alžiriň dünýäniň öňdebaryjy dökün öndürijileriniň birine öwrüljekdigini belledi.
Iki ýurduň arasynda 2018-nji ýylda fosfat önümçiligini ýola goýmak üçin 6 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekilipdi.