Hytaýyň kosmos bekedinde iş alyp barýan kosmonawtlar şol ýerden Ýerdäki okuwçylara göni ýaýlym arkaly okuw sapagyny berdiler. Çžaý Çžigan, Wan Ýapin (zenan) hem-de Ýe Guanfu dagy okuwçylaryň sowallaryna hem jogap berdiler. “Shenzhou-13” bekedinde zähmet çekýän grawitasiýanyň ýok şertlerinde dürli tejribeleri geçirdiler.
Hytaýyň adamly kosmos agentliginiň habar bermegine görä, kosmos giňişligindäki kosmonawtlar bilen göni ýaýlym arkaly habarlaşmak üçin Hytaýyň Bilim we tehnologiýa muzeýinde ýörite synp döredilipdir. Şeýle hem Tibet awtonom sebitindäki Lhasada hem-de Uýgur awtonom sebitindäki Urumçi şäherlerinde hem şeýle synplar döredilipdir.
Bu üç kosmonawt geçen ýylyň 16-njy oktýabrynda “Shenzhou-13” kosmos gämisi bilen uçurylypdy. Olar häzirki wagtda Ýeriň orbitasynda Hytaýyň özbaşdak işläp taýýarlan kosmos gämisiniň gurluşygyny alyp barýarlar. Kosmonawtlar geçen ýylyň 9-njy dekabrynda kosmos bekediniň “Tianhe” atly esasy böleginde okuwçylara ol ýerdäki ylmy işleri we grawitasiýa barada dürli sapaklar beripdi.
Selbi Bagyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby