«Aquarian Space» kompaniýasy «Solnet» atly taslamasynyň çäklerinde Aýda we Marsda internet hyzmatyny bermegi meýilleşdirýär. NASA ýakyn ýyllarda kosmonawtlary Aýa, soňra bolsa Marsa ibermek isleýär. NASA-nyň «Artemis» atly bu taslamasyna «SpaceX» kompaniýasy, Ýewropa kosmos gullugy we Ýapon kosmos gullugy gatnaşýar. Kompaniýa 2024-nji ýyla çenli Aýda ilkinji aragatnaşyk ulgamyny gurmagy maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli köp milliardlyk Aý ykdysadyýeti emele geler we kosmos gämileriniň sany 200-e ýeter. Aýda internet ulgamynyň döredilmegi ol ýerdäki enjamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ýardam eder.
«Artemis» ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän adamlary Aýa ibermek üçin niýetlenen kosmos maksatnamasydyr. Ilkinji uçuş senesi 2025-nji ýyla bellendi.
Oguljeren RAHMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.