Arheologlar Hytaýda ýerleşýän ýalpak deltada irki döwürlerde ýaşap geçen dürli jandarlaryň galyndylaryny ýüze çykardylar. Alymlar bu ýerde jandarlaryň onlarça görnüşiniň üstünden bardylar.
Hytaýyň günorta-günbataryndaky Ýunnan welaýatynda irki döwürlerde ýaşap geçen jandarlaryň galyndylarynyň üsünden baryldy. Şol ýerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan jandarlaryň 518 million ýyl ozal ýaşap geçendigi anyklandy. Arheologlar bu ýerde jandarlaryň 250-den gowrak görnüşiniň galyndylaryny tapdylar. Olaryň arasynda gurçuklar, mör-möjekler, möýler, balyklar, ýerde-suwda ýaşaýanlar, guşlar, süýrenijiler we süýdemdirijiler ýaly dürli ululykdaky jandarlar bar. 500 million ýyl ozal bu ýeriň ýokumly maddalara baý deňiz deltasy bolupdyr. Ylmy-barlaglar bu jandarlaryň kisloroda baý suwlarda ýaşandygyny görkezdi. Emma wagtal-wagtal deltada güýçli suw joşmalary bolup, tolkunlar jandarlary deňziň çuň ýerlerine alyp gidipdir.
Enejan TOÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.