Hy­taý­ly hü­när­men­ler su­wa we oda çy­dam­ly ka­gyz oý­lap tap­dy­lar. Şan­ha­ýyň ke­ra­mi­ka ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri­niň taý­ýar­lan bu önü­min­de haý­wan­la­ryň süň­kün­dä­ki kal­si­den peý­da­la­ny­lyp­dyr. Bu ka­gyz 200 gra­du­sa çen­li gyz­gyn­ly­ga çy­dam­ly. Ko­fe, çaý, mi­we su­wy ýa­ly su­wuk­lyk­lar bol­sa, ony eret­me­ýär. Yl­my bar­lag to­pa­ry­nyň baş­ly­gy Žu Ýing­ji mun­dan ozal hem oda çy­dam­ly ka­gy­zyň bar­dy­gy­na ün­si çe­kip, hem gyz­gyn­ly­ga, hem su­wa çy­dam­ly ka­gy­zyň il­kin­ji ge­zek oý­la­nyp ta­py­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Ol bu ada­ty bol­ma­dyk ka­gy­zyň kal­lig­ra­fi­ýa­da we ma­ha­bat tag­ta­la­ryn­da ula­nyp bol­jak­dy­gy­ny aý­dyp, onuň ýü­zün­dä­ki hat­la­ra zy­ýan ýe­tir­mez­den, ony suw bi­len aras­sa­lap bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di. Şeý­le ka­gy­za çap edi­len hat­la­ry asyr­lar­bo­ýy sak­lap bol­jak­dy­gy, se­bä­bi oňa çy­gyň ýa-da beý­le­ki zat­la­ryň ze­per ye­tir­me­jek­di­gi aý­dyl­ýar.
A4 öl­çe­gin­dä­ki bu ka­gyz­lar ada­ty ka­gyz­lar­dan bi­raz gym­mat bo­lar. Em­ma onuň köp­çü­lik­le­ýin önüm­çi­li­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len ba­ha­sy ar­zan­lar. Bu in­no­wa­si­on önü­mi iş­läp taý­ýar­la­mak üçin 2008-nji ýyl­dan bä­ri zäh­met çek­ýän to­par bu ka­gy­zy ýe­ne-de 3 aý­dan sa­tu­wa hö­dür­le­me­gi mak­sat edin­ýär.