Hä­zir­ki wagt­da adam­lar is­len­dik mag­lu­ma­ty in­ter­net­den göz­le­ýär­ler. Ge­çi­ri­len bar­lag­da komp­ýu­ter­den we smart­fon­lar­dan göz­le­mek ar­ka­ly öw­re­ni­len mag­lu­mat­la­ryň ki­tap­dan okap öw­re­ni­len­den has çalt unu­dyl­ýan­dy­gy ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Bar­lag ge­çi­ri­ji­ler öw­ren­mek üçin in­ter­net­den däl, ki­tap­dan peý­da­lan­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Bu mag­lu­mat­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­niň aň­sat bol­ma­gy ola­ryň ýat­da ga­ly­jy­ly­gy­na päs­gel ber­ýär. Bel­le­ni­li­şi­ne gö­rä, uzak wagt­lap oka­lyp öw­re­ni­len mag­lu­mat has go­wy ýa­dyň­da gal­ýar. Ger­ma­ni­ýa­nyň Köln uni­wer­si­te­tin­de ge­çi­ri­len yl­my bar­la­ga dok­tor Es­ter Kang ýol­baş­çy­lyk edip­dir. Onuň söz­le­ri­ne gö­rä, mag­lu­ma­tyň ada­myň «bar­ma­gy­nyň ujyn­da» bol­ma­gy ün­süň we ýat­la­ma­gyň azal­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Adam mag­lu­ma­ta el­ýe­ter­li­li­gi­niň aň­sat­dy­gy­ny bil­se, jik­me-jik mag­lu­mat­la­ry ýat­da sak­la­ma­gyň de­re­gi­ne haý­sy açar söz­le­ri­ni ulan­mak ar­ka­ly şol mag­lu­ma­ty ta­pyp bil­jek­di­gi­ni ýa­dyn­da tut­ýar.

Aşyr­gel­di RAH­MAN­BER­DI­ÝEW,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň uly mu­gal­ly­my.