Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki ähli pudaklardaky ösüşlerde hususy telekeçilerimiziň hem özboluşly goşandy bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki günde müňlerçe telekeçini özünde jemläp, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da berkemeginde wajyp orna eýe boldy. TSTB-niň döredilen gününden bäri döwlet bilen hususy telekeçilik gatnaşyklarynyň üstünligine we geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýän iri taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy.
Bäsdeşlige ukyply harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşiniň ilata hödürlenmegi, ykdysady diplomatiýa hem-de daşary ýurtlara iberilýän milli önümleriň möçberleriniň artdyrylmagy ýurdumyzyň işewürliginiň ösdürilmeginiň esasy ugurlary bolup durýar. Telekeçilik işini kämilleşdirmek we telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplary goldamak üçin amatly şertleriň döredilmegi, maýa goýum taslamalarynyň uzak möhletli karzlar bilen üpjün edilmegi, önümleri öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalara we telekeçilere ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmegi türkmen telekeçilerine bildirilýän ýokary ynamyň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda oba senagat toplumy, syýahatçylyk, söwda, dokma we azyk senagaty, ulag, hyzmatlar ulgamy hem-de gurluşyk senagaty ýaly ugurlarda telekeçilere uly orun degişlidir. Ýurdumyzyň oba hojalyk işewürligini ösdürmek ugrunda berýän yzygiderli goldawlarynyň netijesinde bu gün ak bazarlarymyzdaky azyk harytlarymyzyň aglabasy ýurdumyzda öndürilýär. Et, süýt, balyk, ýumurtga önümleriniň, çagalar iýmitiniň, gök we miwe şireleriniň, şireli suwlaryň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, süýji-kökeleriň… dürli görnüşleri tagamlarydyr elýeter bahalary bilen alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar. Olaryň aglabasy ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem höwes bilen sarp edilýär. Telekeçiligiň senagat ugrunda importyň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň özi daşyndan getirilýän harytlaryň möçberlerini azaltmaga hem-de ilaty köpçülikleýin islegden peýdalanýan harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleriň ýola goýlan hususy kärhanalarda sanly ulgamlar we täzeçil tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Ýerli kärhanalarda senagat ugurly harytlaryň müňlerçe görnüşi öndürilýär. Sarp ediş harytlarynyň önümçiliginiň giňeldilmegi, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagy üçin iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Şol sanda durmuş tehnikasynyň – gaz we elektrik enjamlarynyň, howur peçleriň, tozan sorujylaryň hem-de sowadyjylaryň dürli görnüşlerini çykarmak boýunça önümçilikleri döretmek meýilleşdirilýär. TSTB-niň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda hem-de döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilmegi netijesinde ýurdumyzda elektron senagaty hem ýokary depginlerde ösdürilýär, innowasiýa tehnologiýalaryna daýanýan ugurdaş düzümler emele gelýär. Telekeçilerimiz gurluşyk pudagynda-da işewürligi ösdürýärler hem-de bu ugurda has iri şertnamalary baglaşýarlar. Olar iri desgalary, şol sanda Aşgabatda tutuş ýaşaýyş jaý toplumlaryny, kaşaň myhmanhanalary, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaşaýyş jaý toplumlaryny, kaşaň myhmanhanalary, sport we dynç alyş merkezlerini, Diýarymyzyň dürli künjeklerinde senagat we gaýtadan işleýän kärhanalary gurdular. Häzirki wagtda hem ýerli gurluşykçylarymyz tarapyndan ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dürli maksatly gurluşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Olaryň hatarynda «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilýän Ahal welaýatynyň döwrebap täze dolandyryş merkeziniň gurluşygy hem bar. Şular ýaly iri taslamalaryň milli telekeçilerimize ynanylyp, olaryň zerur bolan maliýe ýeňillikleri bilen üpjün edilmegi hususy ulgamyň binýadynyň berkden tutulmagyna ýardam edýär. Umuman, hususyýetçilere döredilýän oňyn mümkinçilikler işewürlerimiz üçin ynamly gadamlar bilen kämillige tarap öňe gitmäge itergi berýän güýç bolup hyzmat edýär. Hususyýetçilerimiz tarapyndan eksporta iberilen önümleriniň mukdarynyň yzygiderli ýokarlanmagy milli telekeçilik pudagynyň eksport kuwwatynyň hem ösüşdediginden habar berýär. Gazanylan bu ösüşler geljekki üstünliklere badalga bolup, hususyýetçilerimizi täze belentliklere tarap – ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.