Dünýä ýurtlarynda ulanyjylara hödürlenýän internet tizligi barada täze maglumat ýaýradyldy. Internet tizligini ölçeýän «SpeedTest» platformasynda şu ýylyň fewral aýyndaky maglumatlar hasaba alnypdyr. Maglumatlara görä, dünýäde adaty internetden göçürip almagyň ortaça tizligi 60,76 Mbp/sekunt, ýüklemek tizligi bolsa, 25,95 Mbp/sekunda ýetýär. Dünýäde mobil internetden maglumaty göçürip almagyň ortaça tizligi bolsa, 29,91 Mbit/sekunda deň bolupdyr. Ýüklemekde bolsa, 8,54 Mbit/sekunt görkeziji hasaba alnypdyr.

Adaty internetiň tizligi boýunça Çili öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda göçürip almagyň ortaça tizligi 197,59 Mbp/sekunt. Ikinji ýeri Singapur (194,07 Mbp/s), üçünji orny Monako (188,66 Mbp/s) eýeleýär.

Mobil internet babatda Birleşen Arap Emirlikleri öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda ýaşaýanlar 133,51 Mbp/sekunt tizlikdäki internetden peýdalanýarlar. Bu ugurda ikinji orny Norwegiýa eýeleýär. Ýurtda ortaça tizlik 118,58 Mbit/sekunt. Koreýa Respublikasynda 116,51 Mbit/sekunt internet tizligi hasaba alnyp, üçünji orny eýeläpdir. Katar (113 Mbit/s), Niderlandlar (107,81 Mbit/s), Saud Arabystany (94,64 Mbit/s), Bolgariýa (94,32 Mbit/s), Daniýa (94,17 Mbit/s), Hytaý (87,76 Mbit/s) we Kuweýt (85,38 Mbit/s) ilkinji onlugy emele getiripdir.

Röwşen Döwletow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby