Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanan ýygyndylaryň hataryna ýene-de iki ýygyndy goşuldy. Olaryň ikisi-de Günorta Amerikanyň wekilleri bolup, olaryň birinjisi Urugwaýyň ýygyndysydyr. Öz meýdançasynda Peruny De Arraskaetanyň 42-nji minutdaky goly bilen 1-0 ýeňen Urugwaý 14-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bu ýeňiş, has takygy, Perunyň ýeňlişi Ekwadoryň hem peýdasyna bolup, myhmançylykda Paragwaýdan 3-1 (Morales 10, Hinkapie 45+6 ö.d., Almiron 54 – Kaisedo 85 p) asgyn gelen Ekwadoryň ýygyndysy 4-nji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik eder.
Urugwaýyň ýygyndysy bassyr 4-nji, umumylykda-da 14-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşar (1930, 1950, 1954, 1962, 1966, 1970, 1974, 1986, 1990, 2002, 2010, 2014, 2018, 2022). Ekwador bolsa 8 ýyldan soň Dünýä Kubogyna dolanyp, olar mundan ozal 2002-nji, 2006-njy we 2014-nji ýyllarda wekilçilik edipdiler.
Günorta Amerika zolagynda 17-nji tapgyrda Braziliýa Çilini 4-0 ýeňdi. Oýunda Neýmar, Winisius, Koutinio hem-de Rişarlison tapawutlandy. Kolumbiýa Boliwiýany 3-0 utup, çempionata gatnaşmak mümkinçiligini dowam etdirdi.
Şeýlelikde, Günorta Amerikadan 4 ýygyndy belli bolup, Braziliýa, Argentina, Ekwador hem-de Urugwaý Dünýä Kubogyna gatnaşarlar. 5-nji topar bolsa Okeaniýanyň wekili bilen iýun aýynda pleý-off duşuşygyny geçirer. Bu ugurda Perunyň (21 utuk), Kolumbiýanyň (20 utuk) hem-de Çiliniň (19 utuk) ýygyndylarynyň arasynda ýiti göreş bolup, soňky tapgyrda haýsysynyň 5-nji orny aljakdygy belli bolar.