25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Myhman ikiçäk duşuşyga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin iri sebit guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyna minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, türk kärdeşine iň gowy arzuwlaryny aýtdy we doganlyk türki dilli ýurtlar, şol sanda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň döwletimiziň daşary syýasy doktrinasynyň möhüm ugry bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde Türkmenistanyň bu gurama synçy derejesinde kabul edilendigini aýdyp, munuň Türki Döwletleriň Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, ýakynda geçirilen we ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka bolan Prezident saýlawlaryna Türki Döwletleriň Guramasynyň synçy hökmünde gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň däp bolan dostlukly, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini hem-de Türkiýä hakyky dost, ygtybarly hyzmatdaş, sebit we halkara syýasatynyň köp, möhüm meselelerini çözmekde pikirdeş hökmünde garaýandygyny nygtap, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijelidigini kanagatlanma bilen belledi.

Döwletara gatnaşyklaryň depginli ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk toparyna uly orun berilýär. Iki doganlyk ýurduň halklaryny köp asyrlaryň dowamynda baglaşdyrýan taryhy-medeni gatnaşyklary nazara almak bilen, ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Yzygiderli esasda Medeniýet günleri geçirilýär, sungat işgärleri iki ýurtda-da guralýan aýratyn ähmiýetli medeni çärelere gatnaşýarlar. Bilim boýunça türkmen-türk geňeşi netijeli işleri alyp barýar, Türkiýede türkmenistanly talyplaryň köp sanlysy bilim alýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym birek-biregi diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky däp bolan dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

***

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi hem-de Halkara Nowruz gününiň dabaralary bilen gutlady. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli wezipede alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara guramanyň başlygyny ýene-de bir gezek görmäge şatdygyny aýdyp, gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny we şeýle gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn esasda ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türki döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň türki dilli döwletler bilen netijeli syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde kabul edildi. Munuň doganlyk türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary köp ugurlar boýunça okgunly ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidigi nygtaldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň bu guramanyň alyp barýan işlerine, şol sanda Ýaşulular geňeşine işjeň we netijeli gatnaşmagyny möhüm ugur hökmünde kesgitländigini belledi.

Şeýle hem duşuşykda ýurdumyzyň türki dilli ýurtlar bilen parlamentara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürmäge we bu babatda hereket edýän degişli düzümleriň işine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym wagt tapyp kabul edendigi we netijeli gepleşikleri üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de oňa ýene bir gezek işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.