Uky lukmançylygynyň bütindünýä assosiasiýasy tarapyndan her ýylyň 18-nji marty uky güni hökmünde bellenilýär. Bu mynasybetli uky barada täze maglumatlar ýaýradyldy. Kadaly uklamak adamyň saglygy üçin örän ähmiýetlidir. Täze taýýarlanan maglumatlara görä, täze zelandiýalylar, finlandlar we niderlandlylar has köp uklaýar. Sanawyň başynda Awstraliýa, Birleşen Patyşalyk, Belgiýa, Irlandiýa we Fransiýa hem öňdeligi eýeleýär. Lukmanlaryň bellemeklerine görä, adam bedeni her gün 8 sagat uka zerurlyk duýýar. Günorta Koreýanyň we Saudy Arabystanynyň ýaşaýjylary bolsa, bu sanawyň iň soňky basgançaklarynda orun aldylar.