1961-nji ýylda Halkara Teatr institutynyň (ITI) IX maslahatynda Bütindünýä Teatr gününi döretmek hakynda teklip edildi we bu senäni her ýylyň 27-nji martynda bellemek kabul edildi. Bu sene dünýäde her ýyl ITI merkezleri we halkara teatr jemgyýeti tarapyndan uludan bellenilýär. Bilşimiz ýaly, teatr sungaty dünýä halklarynyň arasynda birek-birek bilen düşünişmegi, dostlukly gatnaşyklary, parahatçylygy berkitmegiň esasy serişdeleriniň biri hökmünde bellidir. Halkara Teatr institutynyň (ITI) düzgünnamasyna laýyklykda bu ugurda alnyp barylýan işler milletleriň arasynda parahatçylygy berkitmäge, döredijilik babatdaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.
“Teatr” sözi “teatron” diýen grek sözünden gelip çykyp, “görünýän ýer” diýmegi aňladýar. Teatr diýlende, ilki bilen onuň iki sany meşhur nyşanlary bolan şadyýan (komediýa) we gaýgyly (tragediýa) ýüz örtükleri göz öňüňe gelýär. Taryha nazar aýlanymyzda, teatr sungatyna degişli ilkinji işlere b.e.öň 2500-nji ýyllarda başlanypdyr. Ilkinji teatr oýny Müsürde ýerine ýetirilip, onda gadymy Müsür mifologiýasy janlandyrylypdyr. Şondan soňra Gadymy Gresiýada hem teatr sungaty has-da ösüp başlapdyr.
Häzirki wagtda bu sene mynasybetli ençeme ýurtda dürli teatr festiwallary, baýramçylyk çäreleri, sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary geçirilýär, bu sungatyň öňdebaryjy şahsyýetleriniň bitiren işleri ýatlanylýar. Bütindünýä teatr güni diňe teatr işgärleriniň ýa-da sahna ussatlarynyň hünär baýramçylygy bolman, ol millionlarça tomaşaçynyň hem medeniýetli dynç almagy üçin döredilen möhüm mümkinçilikdir.
Oguljeren Hudaýnazarowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby