Şu gije Katar 2022 Dünýä Kubogyna Ýewropadan wekilçilik etjek ýene 2 ýygyndy belli bolar. Pleý-off toparçalarynyň final duşuşyklarynda Portugaliýa bilen Demirgazyk Makedoniýa hem-de Polşa bilenem Şwesiýanyň ýygyndylary duşuşarlar. Duşuşyklaryň ikisi hem 23:45-de başlap, Portodaky duşuşyga angliýaly Antoni Teýlor, Hožuwdaky duşuşyga-da italiýaly Daniele Orsato eminlik eder. Üstün çykan toparlar Dünýä Kubogynda çykyş etmäge hukuk gazanarlar.

Ýarym finalda Italiýany garaşylmadyk ýagdaýda myhmançylykda 1-0 ýeňen makedonlardan 2-nji sýurprize garaşýanlar hem bar. Portugaliýa mundan ozal 7 gezek Dünýä Kubogyna gatnaşdy. Eger bu duşuşykda makedonlar ýeňiş gazansa, onda olar ilkinji gezek Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler. Duşuşykdan öň makedonlaryň tälimçisi Blagoýa Milewski: “Biz Dünýäniň iň güýçli ýygyndylarynyň birini ýeňdik. Biziň bu ýerde durasymyz gelenok. Biziň üçin Dünýä Kubogyna bir ädim galdy. Biz hemmä näme üçin Ýewropanyň iň güýçli 20 ýygyndysynyň hataryndadygymyzy görkezeris” diýip, beýanat berdi. Ýurduň Premýer-ministriligi tarapyndan ýygyndynyň Dünýä Kubogyna gatnaşan ýagdaýynda oýunçylaryň hersine ýarym million ýewro premýanyň beriljekdigi habar berildi.

Şeýle-de Afrikada hem oýnaljak pleý-off duşuşyklarynyň jogap oýunlaryndan soň 5 ýygyndy Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Senegal – Müsür (0-1), Nigeriýa – Gana (0-0), Alžir – Kamerun (1-0), Marokko – Kongo DR (1-1), Tunis – Mali (1-0)