3-nji ap­rel­de Weng­ri­ýa­da par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Ýur­duň ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri bu saý­law­la­ryň ýur­duň gel­je­gi üçin yk­bal çö­zü­ji wa­ka öw­rül­jek­di­gi­ni ha­bar ber­ýär­ler. Şu mak­sat bi­len ýurt­da ge­çi­ri­len pi­kir so­ra­ly­şyk­lar­da hä­zir­ki Prem­ýer-mi­nistr Wik­tor Or­ba­nyň «FI­DES – wen­ger ra­ýat bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy­nyň ýe­ňiş ga­zan­ma­gy üçin äh­li ze­rur şert­le­riň bar­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Bu sy­ýa­sy çä­re­de saý­law­çy­la­ryň ag­la­ba­sy­nyň Wik­tor Or­ba­na ses ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy bel­li bol­dy.
Bi­ler­men­ler Wik­tor Or­ba­nyň Prem­ýer-mi­nistr we­zi­pe­si­ne üçün­ji möh­le­te saý­lan­mak äh­ti­mal­ly­gy­nyň ulu­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar­lar. 54 ýaş­ly Wik­tor Or­banyň ta­rap­dar­la­ry, uzak wagt­lap do­wam eden yk­dy­sa­dy dur­gun­lyk­dan soň ýur­dy öz­ger­den­di­gi­ni bel­le­ýär­ler.
Saý­law­la­ryň ne­ti­je­le­ri esa­syn­da, ýur­duň par­la­men­ti­niň 199 or­ny kes­git­le­ner. Prem­ýer-mi­nistr Wik­tor Or­ba­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky do­lan­dy­ry­jy «FI­DES – wen­ger ra­ýat bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy al­ty sa­ny par­ti­ýa­dan yba­rat bo­lan bi­le­le­şi­giň da­laş­gä­ri, Hod­mez­ýo­wa­sar­heý şä­he­ri­niň hä­ki­mi Pi­ter Mar­ki-Zaý bi­len bäs­le­şer.
Mun­dan ozal­ky saý­law­lar 2018-nji ýy­lyň 8-nji ap­re­lin­de ge­çi­ri­lip, «Fi­des – wen­ger ra­ýat bi­le­le­şi­gi» par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­za­nyp­dy. Bu ses be­riş­li­ge 8,2 mil­li­on saý­law­çy­nyň gat­naş­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär. Saý­law kam­pa­ni­ýa­sy 12-nji few­ral­da baş­la­dy. Prem­ýer-mi­nist­riň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti 4 ýyl. Weng­ri­ýa Mer­ke­zi Ýew­ro­pa­da­ky döw­let bo­lup, ýurt­da 10 mil­li­ona go­laý adam ýa­şa­ýar.