Katar 2022 Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynyň çäginde oýnalan pleý-off duşuşyklaryndan soň Ýewropadan ýene-de 2 ýygyndy futbolyň iň uly baýramçylygynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Olaryň biri Portugaliýanyň ýygyndysy bolup, olar öz meýdançasynda Demirgazyk Makedoniýany Bruno Fernandeşiň owadan 2 goly (32, 65) bilen 2-0 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde, portugallar italýanlar ýaly makedonlaryň garaşylmadyk netije gazanmagyna ygtyýar bermedi. Portugaliýanyň ýygyndysy bassyr 6-njy umumylykda-da 8-nji gezek (1966, 1986, 2002, 2006, 2010, 2014, 2018, 2022) Dünýä Kubogyna wekilçilik ederler.

Pleý-off tapgyrynyň beýleki toparçasynyň final duşuşygynda-da Polşanyň ýygyndysy şol bir hasap bilen Şwesiýany ýeňmegi başardy. Polýaklary Dünýa Kubogyna çykaran gollary Robert Lewandowski (49 p) bilen Piotr Zielinski (72) derwezä girizdi. Polşanyň ýygyndysy 9-njy sapar (1938, 1974, 1978, 1982, 1986, 2002, 2006, 2018, 2022) Dünýä Kubogyna gatnaşar.