Hytaý Halk Respublikasynyň Tunsi şäherinde Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň daşary işler ministri Amir Han Mottaki bilen duşuşygy boldy.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň möhümdigini aýtdylar. Söhbetdeşler syýasy, diplomatik, söwda, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndaky möhüm meselelere garadylar.
Taraplar owgan ministriniň şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistana eden sapary wagtynda geçirilen türkmen-owgan gepleşikleriniň netijeliligini bellediler.
Şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan (TAP) elektrik geçirijisi we demir ýol taslamalary ýaly bilelikdäki infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi barada pikir alşyldy.
Diplomatlar howpsuzlyk pudagynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.
Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýdaky saparynyň çäklerinde Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen hem duşuşdy.
Bu barada Türkmenistanyň MID-i habar berýär.