Hytaý Halk Respublikasynyň Tunsi şäherinde Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň nobatdaky üçünji duşuşygy geçirilýär. Bu ýerde Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hossein Amir Abdollahian bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga degişli meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ösüşiniň geljegi barada pikir alyşdylar.
Hususan-da, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny artdyrmagyň, energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmegiň we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi ýaly ugurlardaky mümkinçiliklere garaldy.
Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.