Katar 2022 Dünýä Kubogyna gatnaşjak 32 ýygyndynyň 29-sy belli boldy. Galan 3-si bolsa iýun aýyndaky pleý-off duşuşyklaryndan soň belli bolar.

Kataryň 5 şäherindäki 8 stadionda geçiriljek çempionatda 32 ýygyndy 8 toparça paýlanar. Her toparçada 4 ýygyndy bolup, bijeler 4 torba esasynda çekiler. Torbalar bolsa ýygyndylaryň FIFA-daky reýtingi esasynda kesgitlenilýär.

Bije çekiliş dabarasy ertir, ýagny 1-nji aprelde, anna güni çekiler. Ençeme teleýaýlymda ýaýlyma beriljek bije çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 21:00-da çekiler. Bije çekiliş dabarasyna Kafu, Karli Lloýd, Samanta Jonson, Jermain Jenas, Tim Kahill, Lottar Matteus, Bora Milutinowiç, Jeý-Jeý Okoça, Adel Ahmed MalAllah, Ali Daei, Ranah Madjer ýaly meşhurlar gatnaşarlar.

 

1-nji torba: Katar (51, ýer eýesi), Braziliýa (1), Belgiýa (2), Fransiýa (3), Argentina (4), Angliýa (5), Ispaniýa (7), Portugaliýa (8)

2-nji torba: Meksika (9), Niderlandlar (10), Daniýa (11), Germaniýa (12), Urugwaý (13), Şweýsariýa (14), ABŞ (15), Horwatiýa (16)

3-nji torba: Senegal (20), Eýran (21), Ýaponiýa (23), Marokko (24), Serbiýa (25), Polşa (26), Günorta Koreýa (29), Tunis (35)

4-nji torba: Kamerun (37), Kanada (38), Ekwador (46), Saud Arabystany (49), Gana (60), Uels/Şotlandiýa–Ukraina, Peru/Awstraliýa– BAE, Kosta Rika/Täze Zelandiýa