“Waymo” şereketi San-Fransisko şäherinde dolulygyna sürüjisiz hereket edýän awtoulaglarynyň hereketini ýola goýdy. Şereket häzirlikçe bu hyzmatyň diňe öz işgärleri üçin hödürlenýändigini mälim etdi. Bu hyzmatyň ýakynda köpçülik üçin elýeterli ediljekdigi habar berildi. Kompaniýanyň resmi internet sahypasynda – şu gün irden San-Fransiskoda, ruluň başynda sürüji bolmadyk, dolulygyna özbaşdak hereket edýän “Jaguar I-PACE”-iň bir inženerini irdenki kofesini alyp işe gitmegi üçin mündürendigini – bellenildi.
Kompaniýa birnäçe ýyldan bäri sürüjisiz ulag tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar. Kompaniýa ilkinji gezek 2017-nji ýylda Arizona ştatyndaky Finiks şäherinde awtonom hereket edýän ulaglary synagdan geçirip başlapdy. Şereketiň ýolbaşçysy Tekedra Mawakana bu tehnologiýany resmi ýagdaýda San-Fransisko getirendikleri üçin, syýahatymyzyň mundan soňky tapgyry üçin tolgunýandyklaryny belledi.
Kaliforniýa ştatynyň ýolbaşçylary şereketlere sürüjisiz ulaglaryny synag etmekleri üçin rugsat berdi.
Gülsoltan Garaýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby