“Microsoft” kompaniýasy soňky ýyllarda elektron oýunlaryň kämilleşdirilmegine uly goşant goşýar. Kompaniýa wideooýunlary işläp taýýarlaýan programmaçylary we şereketlere köp mukdarda galam haky töleýär. Kompaniýa dokuz ýyl ozal esaslandyran “Xbox” brendi üçin oýunlary taýýarlaýanlara häzire çenli 2,5 milliard dollar töläpdir. Oýun işläp taýýarlaýanlaryň girdejileri bolsa, soňky üç ýylda iki essä golaý artypdyr. Kompaniýa ýeke özi oýun taýýarlaýanlar bilen bir hatarda birden köp oýun işläp taýýarlaýanlara hem goldaw berýär. Soňky iki ýylda “ID@Xbox” programmasyna müňden gowrak programma taýýarlaýjy ýazylypdyr. Kompaniýa häzire çenli dünýäniň 94 ýurdundan 4 müň 600-den gowrak programmaça goldaw beripdir.
“Xbox”-yň oýun taýýarlaýan programmaçylara berýän goldawy has gyzykly oýunlaryň döremegine sebäp bolýar. Häzirki wagtda dürli enjamlarda oýnalýan oýunlar dünýäde uly bazary emele getirip, pul dolanyşygy millionlarça dollara ýetýär.
Şamar Durdyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby