31-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şu ýylyň 7-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we olaryň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
“Welosiped” binasyndan badalga aljak köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçjek ýolunyň ugry boýunça sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary guralar.
Şu sene mynasybetli Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guramak hem-de “Saglygym — baş baýlygym” diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini, ýaryşlarydyr görkezme çykyşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek hem-de sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda saglygy pugtalandyrmaga we ruhubelentlige ýardam edýän welosiped sportuny giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleriň wajypdygyny nygtady.
Welosiped sporty ekologiýa taýdan arassa we gyzykly bolmak bilen, tutuş dünýäde, aýratyn hem, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine saldamly goşant goşýan ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolýar.
Döwlet Baştutanymyz adam hakyndaky aladany ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde giň meşhurlyga eýe bolandygyny belläp, bu ugurda mundan beýläk-de giň gerimli işleri geçirip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.