Ýer ýü­zü­niň dür­li ýe­rin­de ösüm­lik­le­riň ýüz­ler­çe gör­nü­şi ös­ýär. Ola­ryň kä­bi­ri te­bi­gy ýag­daý­da bit­ýän bol­sa, kä­bir gör­nü­şi adam­lar ta­ra­pyn­dan me­de­ni usul­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ge­liň, ösüm­lik­ler ba­ra­da kä­bir mag­lu­mat­la­ra se­re­de­liň!
Agaç­la­ryň kä­bir gör­nü­şi­niň sü­tü­nin­den sy­zy­lyp çyk­ýan şep­bik wag­tyň geç­me­gi bi­len ga­tap gal­ýar. Kä­ha­lat­lar­da şol şep­bi­giň için­de ki­çi­räk mör-mö­jek­ler hem sak­la­nyp gal­ýar. Bu mör-mö­jek­le­riň be­de­ni ýüz­ler­çe ýyl­lap şol şep­bi­giň için­de za­ýa­lan­man sak­lan­ýar.
Kä­bir ösüm­lik­ler dür­li si­ňek­dir çy­byn­lar, möý­ler we beý­le­ki ki­çi­räk haý­wan­lar bi­len iý­mit­len­ýär. Bu ösüm­li­giň gü­le meň­ze­ýän sy­na­sy ys­ly şi­re­si bi­len mör-mö­jek­le­ri özü­ne çek­ýär. Gü­le go­nan mör-mö­je­giň aýa­gy şi­rä ýa­py­şyp ha­las bo­lup bil­me­ýär. Soň­ra bol­sa, ösüm­li­giň güli ýa­pyl­ýar.
Ösüm­lik­le­riň kö­pü­si Gün şöh­le­si­niň ener­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­nyp, kö­mür­tur­şy ga­zy­ny iý­mit hök­mün­de ulan­ýar­lar. Bu bol­sa ho­wa­nyň aras­sa­lan­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.
Adam­lar dür­li ösüm­lik­leriň 2 müň­den gow­rak gör­nü­şi­ni iý­mit hök­mün­de peý­da­lan­ýarlar.
Nä­çe ýyl­dan bä­ri öw­re­nil­ýän hem bol­sa, hä­zi­re çen­li anyk­lan­ma­dyk we at­lan­dy­ryl­ma­dyk ösüm­lik gör­nüş­le­ri hem bar. Alym­lar ylym dün­ýä­si­ne mä­lim bol­ma­dyk ösüm­lik­le­ri öw­re­nip, ola­ryň tä­ze­le­ri­ni ha­sa­ba al­ýar­lar.
Bam­buk­lar örän çalt ös­ýär­ler. Ola­ryň kä­bir gör­nü­şi gü­nüň do­wa­myn­da 90 san­ti­met­re çen­li ös­ýär.
Ýa­gyş köp ýag­ýan bat­ga­lyk ýer­ler­de bit­ýän bu ösüm­li­giň kä­bir gör­nüş­le­ri­niň ýo­gyn­ly­gy 80 san­ti­met­re, uzyn­ly­gy 35-40 met­re ýet­ýär.